gyrgyzystandaky-medeni-miras-burana-di-i

Gyrgyzystandaky medeni miras: Burana Diñi

Gyrgyzystan taryhda köp sanda siwilizasiýalaryň mekany boldy. Gadymy ýüpek ýolunyñ ugrynda orun almagy ýurduñ medeni infrastrukturasyna uly goşant goşdy.

20 Nisan 2021 22:23

Gyrgyzystanda ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä medeni miras sanawynda orun alýan köp sanda taryhy we medeni ýadygärlikler bar. Olaryñ biri paýtagt Bişkekiñ golaýynda orun alýan gadymy Balasagun şäheri. Balasagun şäheri, “Kutadgu Bilig” eseriñ ýazyjysy Ýusuf Has Hajibiñ doglan şäheri. Bu şäher Garahanlylar döwletiniñ merkezi boldy. Şol döwürden zamanamyza gelip ýeten Burana diñi, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsini özüne çekýär. Burana diñi, geçen ýyl ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä medeni miras sanawyna girizildi.

Tian Şan daglarynyñ eteginde orun alýan we ýaşyl çu jülgesiniñ tebigy gözelligi bilen gurşalan Burana diñi, geçmişiň iň möhüm söwda ýollaryndan biri bolan ýüpek ýolunuñ ugrynda orun alýar. Burana diñiñ ýüzünde geometrik nagyşlar bar.

Burana diňi, XI asyrda gurlan bir metjidiň mynarasydyr. Gurlan döwründe hem mynara hem-de gözegçilik diňi hökmünde ulanylypdy.

Asyl nusgasy 45 metr bolan mynara ýer titremeler zerarly zeper gördi we soňra aslyna laýyklykda ýañadan dikeldildi.

Habarlar