gyrgyzystandaky-tebigy-t-sinlik-ala-arca-milli-se-ilg-hi

Gyrgyzystandaky tebigy täsinlik: Ala-Arça milli seýilgähi

Paýtagt Bişkekden bir sagat uzaklykda ýerleşýän Ala-Arça milli seýilgähi görenleri özüne bendi edýär.

27 Ağustos 2021 21:04

Tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan Ala-Arça milli seýilgähi, paýtagt Bişkekden takmynan 40 km günortasynda, Týan Şan daglarynyň günorta tarapynda orun alýar.

1976-njy ýylda döredilen bu seýilgäh, şähere ýakynlygy, transport amatlylygy, owadan tebigaty, salkyn howasy we buzly sowuk suwlary bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Şäher durmuşyndan daşlaşmak isleýän Bişkekliler ýygy ýygydan bu ýerik gelip dynç alýarlar.

Döwlet tarapyndan goralýan seýilgähiň biodürlüligi örän baý. Seýilgäh 600-den aşa ösümlik, 70-den aşa agaç, 26 haýwan we 100-den gowrak guş görnüşine ýer eýeçiligi edýär.

Ala-Arça milli seýilgähi myhmanlara köp sanda dynç alyş mümkinçilikleri hödürleýär. Şeýle hem seýilgähde isleýänlere alpinizm sapaklary berilýär.

Seýilgähe gelenler tokaýlyk meýdanynyň edil ortasyndan geçýän Ala-Arça derýasyny we ýodajygy yzarlap Týan Şan dagyñ çur depesine çykyp bilerler.

Habarlar