gyrgyzystany-be-iklikd-ki-gowheri-issyk-kol

Gyrgyzystanyň beýiklikdäki göwheri: Issyk köl

Gyrgyzystanyň demirgazygynda ýerleşýän we ýurduň merjeni diýilýän Issyk köl özboluşly gözelligi bilen haýran galdyrýar.

17 Ağustos 2021 23:24

Dünýädäki iň uly kölleriň biri bolan Issyk köl, Týan Şan daglaryndaky Küngeý we Terski dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär.

Tomus paslynda köliň suw temperaturasy ortaça 22 dereje ýetýär.

Paýtagt Bişkekden 260 km uzaklykda ýerleşýän köliñ Çolpon-Ata syýahatçylyk merkezine takmynan ulag bilen dört sagatda baryp bolýar. Köl möwsüminiñ açylmagy bilen bu ýerik Russiýanyñ köp şäherlerinden, Özbegistan we Gazagystandan uçar saparlary gurnalýar.

Deñizden 1608 metr beýiklikde orun alýan, ortaça çuñlugy 270 metr, uzynlygy 182 kilometr we ini 60 kilometr bolan köliñ suwy Týan şan daglaryndaky garlaryñ eremegi bilen döreýär.

80-e golaý derýa we akarsuw bilen dolýan we başga ýerlere akmaýan tropiki köl deñizden tapawutsyz görke eýe. Köl sanda haýwanlara esasanam suw guşlaryna ýer eýeçiligi edýär.

Ýssyk köl, arassa suwy, gyzgyn çägeli kenarlary we tebigaty bilen ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär.

Çolpon-Ata dynç alyş merkezinde her býudjete amatly şypahanalar, myhmanhanalar, umumy ýaşaýyş jaýlary we willalar bar.

Dynç alyşyny has gyzykly geçirmek isleýänlere köl gaýyk gezelençleri, žet-ski we deñiz  paraşuty ýaly sport hyzmatlary hödürlenýär.

20 ýyldan bäri Çolpon-Ata dynç alyş merkeziniñ iñ köp adamly kenarlaryndan birinde öý tagamlary bişirilýän restoranyñ eýesi Çolpon Kaýbyldaýewa beren interwýusynda koronawirus (Kowid-19) epidemiýasy döwründe halkyň ekologiýa, arassa howa we arassa suwuñ gymmatyna has gowy düşünendiklerini aýtdy,

Çolpon Kaýbyldaýewa: “Yssyk köl biziñ göwherimiz. Bu gymmatlygymyzy gorap saklamalydyrys. Daşky gurşawyñ goralmagy üçin infrastruktura uly maýagoýumlar goýulmaly. Bu ýerli dolandyryş we hökümet üçin uly wezipe ýükleýär"-diýdi.

Habarlar