gyrgyzystany-dasary-isler-ministri-kazakba-ew-gyrgyzystan-bilen-turki-e-dili-b

Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Kazakbaýew: Gyrgyzystan bilen Türkiýe dili bir, dini bir bolan iki doganlyk ýurtdyr

Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Kazakbaýew: “Gyrgyzystan bilen Türkiýe dili bir, dini bir bolan iki doganlyk ýurt. Iki ýurduñ arasynda haýsydyr bir syýasy mesele ýok”-diýdi.

10 Mart 2021 13:29

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew ikiçäk we toparara geçirilen gepleşiklerden soñ bilelikde metbugata beýanat berdi.

Ministr Ruslan Kazakbaýew, Türk kärdeşi Çawuşoglynyñ ýurduna guran saparyndan hoşal bolandyklaryny nygtap Gyrgzystanda geçirilen prezident saýlawlaryndan soñ başlaýan täze döwürde Gyrgyzystana iş sapary bilen gelen ministr Mewlüt Çawuşoglyna sagbolsun aýtdy.

Ministr Kazakbaýew Gyrgyzystanyñ garaşsyzlygyny tanaýan ilkinji ýurduñ Türkiýe bolandygyny nygtap Türkiýäniñ Gyrgyzystanda baş beren syýasy krizislerde we koronawirus ýokanç keseline garşy göreşde hemişe ýanlarynda bolup kömek edendigini belledi.

Ministr Kazakbaýew Türkiýe we Gyrgyzystan arasyndaky gatnaşyklaryñ ösmegi üçin diñe kagyzyñ ýüzünde däl eýsem iş ýüzünde hem durmuşa geçirilmegi üçin tagalla edilmelidigini nygtap, “ Ankara guran iş saparynnda Maarif Gaznasynyñ Gyrgyzystanda açylmagy üçin ylalaşyga gol çekdik. Ýakyn geljekde Maarif Gaznasy ýurdumyzda açylar diýdi.

Ministr Ruslan Kazakbaýew iki ýurduñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ güýçlendirilmegine, iki ýurduñ arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyñ pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy mynasybetli Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna Gyrgyzystan Daşary işler ministirligi Halkara Hyzmatdaşlyk Medaly gowşurdy.

Habarlar