gyrgyzystany-demirgazygynda-orun-al-an-burana-minarasy

Gyrgyzystanyñ demirgazygynda orun alýan Burana minarasy

Merkezi Aziýada 1000 ýyl mundan ozal Yslam dinini kabul eden ilkinji türk döwleti bolan Garahanidler döwründen miras galan we taryhy we özboluşly binagärçiligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni çekýan Burana minarasy, ýurduñ iñ köp gelim-gidimli taryhy ýerlerinden biridir.

27 Mayıs 2022 15:34

Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekiñ 71 kilometr gündogar tarapynda orun alýan Tokmok şäherine 12 kilometr uzaklykda orun alýan Burana minarasy, tebigy gözelligi bilen ünsleri özünde jemleýän Çuý jülgesinde orun alýar.

 

Taryhy çeşmelere görä Burana Minarasy, Çuý jülgesinde köne paýtagt bolan gadymy Balasagun şaherinde orun alýardy. Beýik ýüpek ýolunyñ ugrunda orun alan Burana Minarasy, Garahanidler döwrinde hem minara hem-de garawullama minarasy hökmünde ulanylypdyr.

Gurlan döwrüniñ medeniýeti we binagärligi barasynda maglumat berýän minara,45-46 metr beýiklikde bolupdyr. Ýöne minaranyñ beýikligi  ýüze çykan ýertitremeler, tebigy apatlar sebäpli 24 metre çenli aşaklady.

Minaranyñ çur depesine, günorta tarapda 6 metr beýikliginde girelge derwezesinden dar aýlawly basgançak bilen ýetilýär.

Ýurduñ medeni mirasy bolan minara, döwlet tarapyndan goralýar we ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawynda orun alýar.

Burana minarasy, 1927-1928-nji ýylda we 1970-1974-nji ýyllarda iki gezek abatlaýyş işi geçirdi.

Burana minaranyñ töwereginde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde gün ýüzüne çykarylan 4 kümmet we hammamyň galyndylary, daş degirmenleri we balbal daşlary Burana Minarasy milli arheologiýa we binagärlik toplumynda sergilenýär.

Habarlar