gyrgyzystany-dowlet-taryh-muze-i

Gyrgyzystanyñ Döwlet Taryh Muzeýi

Gyrgyz halkynyň milli buýsanjy bolan taryhy we medeni ýadygärlikleriň goralyp saklanýan Gyrgyzystanyñ Döwlet Taryh Muzeýi, paýtagt Bişkekiň iň esasy nyşanlaryndan biridir.

26 Mart 2022 09:48

Bişkekiň esasy meýdanynda ýerleşýän muzeý 1925-nji ýylda Gyrgyzystanyň merkezi muzeýi hökmünde döredildi. Birnäçe gezek ady üýtgedilen muzeýiñ gurujysy etnograf Saul Abramzon

1925-1933-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyñ Merkezi Muzeýi diýip atlandyrylan muzeýiñ ady, 1933-nji ýylda Döwlet Sebit öwreniş muzeýi diýlip üýtgedildi.

1943-1954-nji ýyllar aralygynda Döwlet Medeniýet muzeýi bolup hyzmat berdi. 1954-nji ýylda Gyrgyzystan Sowet Sosialistik Respublikasy "Döwlet taryhy muzeýi" diýip atlandyryldy.

Muzeýde Gyrgyzystanyň gadymy paleolit ​​döwründen häzirki gününe çenli taryhyny görkezýän 10 müňe golaý özboluşly eser sergilenýär.

Bu muzeý, ylmy mazmun we sungat taýdan Merkezi Aziýanyň iň baý muzeýleriniň biri hasaplanýar.

Muzeýiň daşky durkuny täzelemek we abatlaýyş işi TIKA tarapyndan amala aşyryldy.

Muzeý 2016-njy ýylda abatlaýyş işleri sebäpli ýapyldy.

Gyrgyzystanyň köp ýerinde uly taslamalary durmuşa geçiren TIKA, Döwlet Taryh muzeýiniñ durkuny täzelemek wezipesini hem boýnuna aldy.

Taslamanyň birinji tapgyrynyň çäginde muzeýiň daşky görki abatlandy. Muzeýiň töwereginde yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy.

Taslamanyň 2-nji tapgyrynyň çäginde muzeýiñ içi abatlandy. Bäş ýarym ýyllap ýapyk bolan Gyrgyzystanyñ Döwlet Muzeýi 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda ýañadan açyldy.

Habarlar