gyrgyzystany-eke-cu-ulanylman-asalan-ibrahim-hajy-metjidi-owadanlygy-bile

Gyrgyzystanyñ ýeke çüý ulanylman ýasalan “ Ibrahim Hajy” metjidi owadanlygy bilen görýänleri haýran galdyrýar

Halk arasynda “ Dungan metjidi” diýip bilinýän Ibrahim Hajy metjidi ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsini özüne çekýär.

27 Eylül 2021 10:32

Agaç sunalama sungatyñ naýbaşy nusgalaryny özünde jemleýän we Karakol şäheriñ nyşanasy bolan metjid, gurluşyk aýtatynlygy we taryhy gymmatlygy bilen adamlaryñ ünsüni özüne çekýär.

1910-njy ýylda hytaý arhitekturasy bilen gurlan we reňkli boýaglar bilen bezelen metjidiñ içinde hytaý mifologiýasyndaky aždarha, Feniks we arslan şekilleri ünsi çekýär.

Şekilleri we agaç sunalama sungaty bilen görýänleri haýran galdyrýan metjit, Gyrgyzystanda ynanç syýahatçylygynda möhüm orny eýeleýär.

Rus imperiýasy döwründe gurlan bu metjid, Gyrgyzystanyñ demirgazyk tarapynda aýakda galan ýeke täk metjid.

Ibrahim Hajy metjidi hytaý arhitekturasy bilen 3 ýylda guruldy

Metjid, XIX asyryň ahyrynda Hytaýda sezewar bolýan zulumlara çydap bilmän Merkezi Aziýa göçmeli bolan Dungan halkynyň ýolbaşçylaryndan Ibrahim Hajy tarapyndan guruldy. Bir gatly we bir minaraly metjid, Ibrahim Hajynyñ çakylygyna laýyklykda ýurda gelen hytaý mimary Zhou-Su we onuñ ýolbaşçylygyndaky 20 sany ussa tarapyndan hiç çüý ulanylman 3 ýylda guruldy.

Rus imperiýasy döwründe gurluşygna rugsat berlen 120 adamlyk metjidiñ gurluşygynda sebitde ýetişýän agaçlar ulanyldy.

Metjidiň düýbi we daş işleri ýerli ussalar agaç bölegi bolsa hytaýlylar tarapyndan ýasaldy.

Ibrahim Hajy metjidi, dini ynançlaryñ gadagan bolan Sowýet soýuzy döwründe 25 ýyllap galla ambary we sebitiñ sport mekdebi bolup ulanyldy.

Gyrgyzystana 140 ýyl ozal göç eden Dungan musulmanlaryñ II Jahan urşundan soñ metjidiñ ýañadan ybadathana öwrülmegi üçin başladan göreşleriniñ ahyrynda 1960-njy ýyllarda metjid ýañadan ybadata açyldy.

Metjitde abatlaýyş işi 2016-njy ýylda Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi TIKA tarapyndan edildi.

 

Habarlar