gyrgyzystany-gundogarynda-orun-al-an-syrly-kerwensara-das-rabat

Gyrgyzystanyň gündogarynda orun alýan syrly kerwensaraý: Daş Rabat

Merkezi Aziýanyñ iñ gadymy taryhy-mimarlyk eserlerinden biri bolan Daş Rabat kerwensaraýy, berkligi we syrly taryhy bilen ünsleri özüne çekýär.

27 Mart 2021 00:22

Daş Rabat kerwensaraý, Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekden 529 kilometr uzaklykdaky Naryn sebitine bagly At- Başy etrabynda we goñşy döwlet Hytaýyñ serhedine 80 kilometr alysda orun alýar.

Tañry dagynda asmana uzanýan ýiti daş gaýalyklaryñ bolan Gara Goýun jülgesiniň çuňlugynda we deñizden 3200 metr belentlikde orun alýan Daş Rabat kerwensaraý henizem özboluşly binagärçiligi bilen şöhratyny gorap saklaýar.

Gyrgyzystanda ýeke-täk ýapyk kerwensaraý adyna eýe bolan Tas Rabat, gadymy ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadan çykyş ýolunda orun alyar. Bu taryhy eseriň haçan we kim tarapyndan gurulandygy takyk belli däl.

Ýerli taryhy çeşmelerde bu ýeriñ budda ybadathanasy, hristianlara degişli monastyr we Garahanlylar döwründe kerwensaraý hökmünde ulanylandygy aýdylýar.

Sebitdäki çarwa halklar tarapyndan "gudrat" we "adatdan daşary" gurluşyk hökmünde taryplanýan Daş Rabat kerwensaraýyñ, Hytaý bilen söwda eden kerwenler tarapyndan ulanylandygy şeýle-de gar we tüweleý ýaly agyr howa şertlerinde gaçybatalga hökmünde ulanylandygy çaklanýar.

Daş Rabat kerwensaraý zamanamyzda muzeý bolup hyzmat berýär.

Kwadrat gurluşugy bolan kerwensaraýyň sag we çep tarapynda iki diň, bir gümmez, esasy girelge gapysy, üçegindäki esasy gümmeziň töwereginde dar howa çalşygy aýnalary, içinde uzyn koridory, merkezi zaly we penjiresi bolmadyk dürli ululykda 31 otagy bar.

Arka bölegi dagyň içinde gurlan kerwensaraýyň güneşden doly peýdalanmagy üçin girelge derwezesi güneşiñ dogýan gündogar tarapa bakýar.

Kerwensaraýyň içki we daşarky arhitekturasy, 740-1212-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýada höküm süren we 932-nji ýylda Yslam dinini kabul eden ilkinji türk döwleti bolan Garahanlylar döwrüne şaýatlyk edýär.

Habarlar