gyrgyzystany-halk-sahyry-ko-ogeldi-kultegin

Gyrgyzystanyñ halk şahyry: Kožogeldi Kultegin

Şahyr Kožogeldi Kultegin, häzirki zaman Gyrgyz edebiýatynyñ beýik şahsyýetlerinden biri.

17 Haziran 2022 15:16

Kožogeldi Kultegin 1960-njy ýylyň 18-nji fewralynda Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň Gara Kulja etrabynda dünýä indi.

1983-nji ýylda Gyrgyz döwlet uniwersitetiniň žurnalistika bölümini tamamlady.

1993-nji ýylda Moskwadaky Maksim Gorkiý edebiýat institutyñ iki ýyllyk edebiýat kursyny aldy.

"Gyrgyzystan" we "Edebiýat" döwlet neşirlerinde redaktor we "Erkin Too" gazetinde baş redaktoryň orunbasary bolup işledi.

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar Birleşiginiň ýaş ýazyjylar bölüminiň müdiri we Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary bolup işledi.

2014-2022-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň TURKSOÝ wekili bolup işledi.

Döredijiligi

Kožogeldi Kulteginiň ilkinji eserleri heniz orta mekdepde okaýarka gazet we žurnalarda çap edilip başlandy.

1989-njy ýylda neşir edilen "Köçe çyralary" atly goşgy kitaby edebiýat dünýäsinde uly täsir galdyrdy.

2018-nji ýylda onuň “Köklerden ganatlara çenli” atly kitaby türk dilinde neşir edildi we okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Şahyryň ikinji türk diline terjime edilen “Bursa Çynary” atly kitaby 2020-nji ýylda neşir edildi.

Goşgy, aforizm we makalalardan ybarat bolan bu kitapda Kožogeldi Kultegin Türkiýe baradaky garaýyşlaryny we duýgularyny özboluşly dil bilen ähli taraplaýyn beýan etdi.

Kožogeldi Külteginiñ “ dünýä menin aýamda” atly şygyr kitaby Türki dünýäsiniñ 7 tapawutly diline terjime edildi.

Kožogeldi Kultegin ençeme ýyldan bäri edebi terjime pudagynda işleýär. Rus şahyrlaryndan Sergeý Ýesenin, Afanasiý Fet, Arseniý Tarkowskiý, Ispan şahyry Huan Ramen Himenes, Türk şahyrlaryndan Garajaoglan, Nazym Hikmet, Nejip Fazyl, Malkar şahyry Kaýsyn Kuliýew, Bolgar şahyry Lübomir Lewçew, Azerbaýjan şahyry Imadeddin Nesimi, Gazak şahyr Magžan Jumabaýew, Muhtar Şahanow, Mukagali Makataýew we Temirhan Medetbekiñ eserlerini Gyrgyz diline terjime etdi.

Habarlar