gyrgyzystany-hokumeti-yrakdaky-gyrgyzystany-ra-atlaryny-cagalaryny-urda-ga

Gyrgyzystanyň hökümeti, Yrakdaky Gyrgyzystanyň raýatlarynyň çagalaryny ýurda gaýdyp gelmegini üpjün etdi

Gyrgyzystanyñ daşary işler ministirligi, "Meerim" gumanitar kömek missiýasynyň çäginde 79 gyrgyz çaganyň Yrakdan ýurda getirilendigini habar berdi.

16 Mart 2021 18:13

Yrakdan 79 gyrgyz çagany daşaýan uçar 2021-nji ýylyñ 16-njy martynda paýtagt Bişkekdäki Halkara Manas Howa menziline gondy.

Döwlet edaralarynyň işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalara Kömek Gaznasy (UNICEF) we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan garşylanan çagalara oýunjaklar we sowgatlar gowşuryldy.

Gyrgyzystanyñ daşary işler ministirligi tarapyndan berilen beýannamada; döwletiñ goragy astynda bolan we aşa howply ýagdaýda galan 79 gyrgyz çagany halas etmegi maksatlaýan gumanitar kömek maksatnamanyñ ilkinji gezek durmuşa geçirilendigi bellendi.

Beýannamada; Yrakda ýaşaýan Gyrgyzystan raýatlarynyñ çagalaryny ýurda gaýdyp getirilmeginiñ  hökümetiñ syýasy erki bilen Saglygy goraýyş we sosial ösüş ministrliginiň,hukuk goraýjy edaralarynyñ , Gyrgyzystanyñ Kuweýtdäki ilçihanasynyň we  UNICEF-iñ hyzmatdalygy bilen amala aşyrylandygy nygtaldy.

Yrakda galan ene-atalarynyñ razyçylygy bilen Gyrgyzystana getirilen çagalaryñ ilki bada hünärmenleriň gatnaşmagynda reabilitasiýasy meýilnamasyna alynjakdygy soñ bolsa garryndaşlaryna beriljekdigi we döwlet edaralarynyñ bu çagalara hemme taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigi mälim edildi.

Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew metbugata beren beýanatynda, ýudunyñ UNICEF bilen çagalaryñ Yrakdan ýurtda getirilmegi meselesi boýunça 2018-nji ýyldan bäri iş alyp barýandygyny belläp  Gyrgyzystana berilen goldaw üçin Yragyñ hökümetine we goşant goşan hemmelere sagbosun aýtdy.

Habarlar