gyrgyzystany-i-esasy-medeni-merkezi-talas-julgesi

Gyrgyzystanyň iň esasy medeni merkezi: Talas jülgesi

Gyrgyzystanyň iň esasy taryhy we medeni merkezi bolan Talas jülgesi, türk taryhynda möhüm orny eýeleýär.

21 Ocak 2022 18:19

Tebigy görki bilen özüne bendi edýän Talas jülgesi, eýe bolan taryhy bilen adamlary geçmişe syýahatçylyga çykarýar.

Talas jülgesi, Türkleriñ Musulmanlar bilen ilkinji gezek duşuşan ýeri hökmünde bilinýär. Musulman araplar bilen Hytaýlylaryñ arasynda baş beren Talas söweşinde kyn ýagdaýa duşar galan Arap goşununa goldaw beren Türkler bir tarapdan iñ uly duşmanlaryndan bolan Hytaýlylaryñ ýeñilmegini üpjün etdi, beýleki tarapdan bolsa ilkinji gezek Musulmanlar bilen tanyşdylar.

Türk we dünýä edebiýatynyñ iñ uzyn dessany bolan Manas destanynda gürrüñ berilýän wakalaryñ Talas sebitinde geçmegi sebäpli gyrgyzlar üçin Talas jülgesiniñ gymmaty hasam köpelýär.

Manas Orda Toplumy

Talas sebitinde orun alýan Manas Orda Toplumy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýeridir. 1995-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ çäginde Manas dessanynyñ 1-nji ýyllygy bellendi soñ bolsa Manas Orda toplumy bolup dikeldildi. 2001-nji ýylda Ministrler Kabineti tarapyndan milli statusy berildi.

Manas Orda Toplumyñ düzüminde Manasyñ kümmeti, Manas Atanyñ Han köşgi, Manas müzeyi, Manasçylar mekdebi, Manas synlama merkezi, Manas seýilgähi, tebipler merkezi we milli atçylyk oýunlarynyň oýnalýan ýer bar.

Talas jülgesiniñ başga bir aýratynlygy bolsa, dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň Talas sebitinde dünýä inmegi we ulalmagydyr. Talas jülgesiniň taryhy we medeniýeti onun romanlary arkaly dünýä ummanyna açyldy.

Habarlar