gyrgyzystany-i-esasy-sy-ahatcylyk-s-heri-colpan-ata

Gyrgyzystanyñ iñ esasy syýahatçylyk şäheri: Çolpan Ata

Yssyk köliñ kenarynda orun alýan Çolpan Ata şäheri taryhy, mededi gymmatlygy we syýahatçylyk mümkünçilikleri bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ üns merkezinde.

28 Ocak 2022 20:57

Çolpan Ata şäheri paýtagt Bişkekiñ 240 km gündogarynda, Karakol şäheriñ 135 km günbatarynda we Yssyk köliñ demirgazyk tarapynda orun alýar.

Dürli myhmanhanalar we myhman jaýlaryñ bolan şäher, ýelkenli gezelenç we  tebigata gezelenç ýaly dynç alyş ýerleri bilen meşhurdyr.

Duzly suw we mineral düzümi bilen Işyk kölüniň suwlary şypalydyr. Çolpon-Atada lukmançylyk we gözellik bejergisini hödürleýän köp sanly myhmanhana we şypahana bar.

Çolpon-Ata Petroglif Açyk howa müzeýi

Çolpon-Ata şäheri, Gyrgyzystanyñ esasy syýahatçylyk merkezi. Şäheriñ girelgesinde Çolpon-Ata Petroglif açyk howa muzeýinde 30 santrimetr bilen 3 metr ulylygynda suratlaryñ bolan ýüzlerçe gaýa bar. Gaýalaryñ ýüzünde aw sungaty, haýwanlar bilen göreş sahnalary we awçylar çekilen.

Dünýä mirasynyň möhüm çeşmesini emele getirýän bu eserler, gadymy medeniýet we durmuş, şeyle-de sebitiniň taryhy barasynda maglumat berýär.

Çolpon-Ata şäherindeki "Çingiz Aýtmatow Ruh Ordo Açyk Howa Muzeýi"

Çolpon Ata şäherindäki 4,5 gektar meýdanda ýerleşýän Ruh Ordo Açyk howa muzeýi, gyrgyz halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary barasynda giňişleýin maglumat alyp boljak ýerlerden biri hökmünde tapawutlanýar.

Gyrgyzystan we Gyrgyz halky hakynda iň baý eserleri öz içine alýan muzeý ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

Bu ýerde resmi çäreler, konsertler we halkara festiwallar geçirilýär.

Çolpon-Ata şäheri Dünýä Çarwa oýunlaryna 3 gezek ýer eýeçiligi etdi

Çolpon-Ata şäheri köp sanda milli we halkara medeni çarelere ýer eýeçiligi edýär. Bu şäherde 3 gezek dünýä çarwa oýunlary geçirildi.

 

Habarlar