gyrgyzystany-i-uly-zenanlar-guramasyndan-prezident-erdogana-yly-adamy-ba-r

Gyrgyzystanyñ iñ uly zenanlar guramasyndan Prezident Erdogana “Ýylyñ adamy” baýragy

Gyrgyzystanda 450 müñ agzasy bolan Ala-Too Zananlar Birleşigi, Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogany “ Ýylyñ adamy” diýip saýlady.

11 Mart 2022 14:30

“Ala-Too” Zenanlar birleşiginiň başlygy Žypargül Bargibaýewa geçirlen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda akylly lider, paýhasly syýasatçy we häzirki zaman dolandyryjy hasiyetlerini özünde jemleýän Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany “2021-nji ýylyň adamy” hökmünde saýlandyklaryny aýtdy.

Ozalky deputat we Kurmanjan- Datka  gaznasynyñ başlygy Žyldyzkan Žoldaşewa eden çykyşynda Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ iñ kyn döwürde Gyrgyzystana beren goldawyny ýatdan çykarmadyklaryny aýtdy.

Žoldaşewa, “ Dünýäde parahatçylygyñ üpjün edilmegi garaşylýan bir döwürde Russiýa we Ukraina arasynda dartgynlyk baş berdi. Hormatly Erdogan, Russiýa we Ukrainany sagdynpikirlilige çagyryşdy we düýn iki ýurduñ arasynda ilkinji syýasy gepleşikler Türkiýede geçirildi. Prezident Erdoganyñ bu tagallasy dünýäde parahatçylygy isleýändiginiñ manysyny añladýar. Prezident Erdoganyñ “ ýylyñ adamy” baýragyna mynasyp bolandygyny buysanç bilen aýdýaryn. Sebäbi ol dünýäde adamzada azap getirýän hiçbir hadysa biperwaý galanok”-diýdi.

Russiýa we Ukraina arasynda ot atyşygyñ bes edilip parahatçylygy Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ getirjekdigine ynanýandygyny nygtan Žoldaşewa, musulman dünýäsiniñ parahatçylygy we dostlugy söýýän Türkiýä ynanýandygyny aýtdy.

Habarlar