gyrgyzystany-issyk-kol-sebitind-ki-a-lalar-tebigaty-so-nleri-ozune-cek-r

Gyrgyzystanyň Issyk Köl sebitindäki ýaýlalar tebigaty söýýänleri özüne çekýär

Gyrgyzystanyñ demirgazygynda, Týan şan daglarynyñ demirgazyk Alatoo depesiniñ etegindäki Yssyk köl sebitindäki ýaýlalar tebigaty söýýänleri özüne çekýär.

03 Eylül 2021 21:05

Deñi-taýy bolmaýan tebigy gözelligi bilen özüne bendi edýän Yssyk köl sebitindäki Grigoriewka, Ananýewo we Semenowka atly ýaýlalar, ýurduñ esasy tebigy merkezlerinden biri hökmünde kabul edilýär.

Çylşyrymly we gyzykly geçen syýahatdan soň ýetilen ýaýlalar myhmanlara özboluşly tebigy gözelligi bilen arassa howada dynç almaga mümkinçilik berýär.

Ýaýlalar dag ýörişi we kamp üçin amatly şertler döredýär.

ANANÝEWO ÝAÝLASY

Dynç almak üçin Yssyk köle gelen myhmanlaryñ hökman gezip görmeli ýeriñ başynda orun alýan Ananýewo ýaýlasyna ulag kerweni bilen baryp bolýar. Töweregi 2000- 4000 metr beýiklikdäki daglar bilen gurşalan ýaýlalarda köp sanda seýrek duş gelýän ösümlikler ýetişýär; dag geçileri, keýik we bürgütler ýaşaýar.

Bahar we tomus paslynda goýunlary, sygyrlary we atlary bilen bu ýaýlalara göç edýän ýerli halk gelen myhmanlary myhmansöýerlik bilen garşalýarlar.

GRIGORIEWKA ÝAÝLASY

Grigoriewka ýaýlasy, Yssyk köl sebitiniñ dynç alyş merkezi bolan Çolpan-Ata şäherine 60 kilometr uzaklykda orun alýar.

Töweregi arça agaçlary bilen gurşalan ýaýlada akýan akarsuwyñ ýakasynda adamlar dynç alýarlar.

ANANÝEWO ÝAÝLASY

Deňiz derejesinden 2355 metr belentlikde orun alýan Ananýewo ýaýlasyna ulaglar bilen baryp bolýar. Ýerli halk tebigata, daşky gurşawa uly zeper berer pikiri bilen ýaýla barýan ýoluñ gurulmagyny islänoklar.

Ýaýla deñi-taýý bolmaýan gözelligi bilen gelenleri özüne bendi edýär. Bu ýaýladan gyzgyn suw çeşmesi bolan we ýerli halkyñ “mukaddes köl”  diýip atlandyrýan köl akýar. Bu köl 100 ýyl ozal bolan ýertitremede emele geldi.

Köliñ kenarynda at sürüsüne bakýan bir çopan maşgalasy çadyrlarynda gelen myhmanlara kymyz we täze gaýmak hödürleýär. Maşgalanyñ ýaş agzalary bolsa atyñ üstünde myhmanlara köliñ kenarynda gezelenç etme mümkinçiligini berýärler.

SEMENOWKA ÝAÝLASY

Syýahatçylyk agenstwolary Çolpon-Ata şäherine 40 kilometr uzaklykda orun alýan Semenowka ýaýlasyna gezelenç Grigoriewka we Ananýewo ýaýlalaryndan gaýdyp gelinýärkä gurnaýar.

Demirgazyk Alatoo depesiniñ golaýýnda orun alýan we her pursat howanyñ üýtgäp durýan Semenowka ýaýlasy çalt akýan derýasy, gaýa eññitleri  we şarlawuklary bilen ünsi özüne çekýär.

Milli tagamlaryň hödürlenýän ýaýlada gurlan  çadyrlarda dynç alýanlar, bu ýaýlada öndürilen ballardan satyn alyp gaýdýarlar.

Habarlar