gyrgyzystany-konorcok-kan-onyna-sy-ahatcylar-uly-gyzyklanma-gorkez-r

Gyrgyzystanyň Konorçok kanýonyna syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär

Konorçok kanýondaky müňlerçe ýyllyk toprak süýşmeleriniñ netijesinde bürgüt we gaplaň ýaly haýwanlar we köşklere meñzeýän görki bilen gyzyl toýun depeleri jahankeşdeleri özüne çekýär.

02 Nisan 2021 15:54

Gyrgyzystanyň Konorçok kanýony, tebigy gözelligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.

Konorçok kanýony, paýtagt Bişkekden 120 kilometr uzaklykda Tañry daglarynyñ etegindäki Boom jülgesinde orun alýar.

Müñlerçe ýyllyk toprak süýşmeleriniñ netijesinde dörän kanýonyñ ady, şol sebitde ýetişýän “ Konorçok” atly ösümlikden alýar.

Konorçok kanýondaky müňlerçe ýyllyk toprak süýşmeleriniñ netijesinde bürgüt we gaplaň ýaly haýwanlar we köşklere meñzeýän görki bilen gyzyl toýun depeleri jahankeşdeleri özüne çekýär.

Gyş paslynda sowuk, tomus paslynda bolsa gyzgyn bolan kanyona döwr möwsüm gezelençler guralýar.

Syýahatçylar bu ýerik, ulaglar bilen Boom jülgesine gelip kanyona, gaýalaryñ arasyndaky akarsuwyñ guramagy sebäpli dörän ýodajykdan takmynan 5 kilometr ýöräp ýetýärler. Bu ýerde surada düşýärler, dynç alýarlar.

Habarlar