gyrgyzystany-milli-opera-we-balet-teatry

Gyrgyzystanyň milli opera we balet teatry

Abdylas Maldibaýew adyny göterýän Gyrgyzystanyň milli opera we balet teatry, gyrgyz aýdym-saz sungatynyñ merkezidir.

10 Haziran 2022 21:01

Gyrgyz opera we balet teatry 1937-nji ýylda Gyrgyzystanyň döwlet teatrynyň bir bölümi hökmünde döredildi.

Ilkinji ýyllarda eserler gyrgyz we rus dillerinde sahnalaşdyryldy.

1942-nji ýylda Gyrgyzystanyň döwlet opera we balet teatryna öwrüldi. Bu ýyldan soñ milli aýdym-saz sungatynyň emele gelmeginde we ösmeginde esasy mekdebe öwrüldi.

1958-nji ýylda Moskwada geçirilen “Gyrgyz edebiýaty we sungat günleri” çäginde teatr “Toktogul” we “Çolpon” spektakllaryny tomaşaçylar bilen duşuşduryp uly üstünlik gazandy. Gazanan bu üstünligi mynasybetli teatra “ akademiýa” ady berildi.

1978-nji ýylda opera we balet teatryna meşhur gyrgyz kompozitory we opera aýdymçysy Abdylas Maldybaýewiň ady dakyldy.

Teatra, 2000-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda “ milli” statusy berildi.

Tanymal režisýorlaryň we sungat işgärleriniň köpüsi ömrüni opera we balet teatrynyň işine bagyşlady.

Şugünki gün, opera we balet teatryň sungat işgärleri halkara taslamalary durmuşa geçirýärler; ýurtda we halkara platformalarda meşhurlyk gazanýarlar.

Habarlar