gyrgyzystany-pa-tagty-biskeki-nysanasy-alo-too-me-dancasy

Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekiñ nyşanasy: Alo-Too meýdançasy

Giñ we owadan görki bilen ünsi özüne çekýän Ala-Too meýdançasy şäher ilatynyñ iñ köp gelim-gidimli ýerlerinden biri.

01 Temmuz 2022 22:21

Diñe Bişkekiñ däl eýsem Gyrgyzystanyñ iñ esasy meýdançasy bolan Ala- Toonyñ gurluşugy 1984-nji ýylda tamamlandy.

Meýdançanyñ edil ortasynda äpet Manas heýkeli göze ilýär. Çingiz Aýtmatow, Kurmanjan Datkanyñ heýkelleri we äpet suw çuwdürümleri hem meýdançada orun alýar.

Meydançada Taryh müzeýi, Dub seýilgähi, Halklaryñ Dostlugy ýagygärligi, Açyk howa heýkel müzeýi we köp sanda medeni we dynç alyş mekanlar ýerleşýär. Mejlisiñ binasy hem meýdançadaky iñ esasy gurluşyklardan biridir.

Meýdançanyñ edil ortasynda 45 metr ululykda äper Gyrgyzystan baýdagy pasyrdaýar. Baýdagyñ edil aşagyndaky hormat sagadyny saklaýan esgerleriň nobat çalşygy dabarasy hökman görülmelidir. Şäherde geçirilen ýokary derejeli dabaralaryň hemmesi bu ýerde geçirilýär.

Gündelik durmuşda aýratyn orny eýeleýän meýdançada ýylyň her döwründe dürli festiwallar, çäreler geçirilýär we ýerli bazarlar gurulýar.

Ala-Too meýdançasy şol bir wagtyñ özünde şäherdäki iň esasy ýygnak we sergi merkezidir.

Habarlar