gyrgyzystany-tanymal-re-is-ory-tolomus-oke-ew

Gyrgyzystanyñ tanymal režisýory: Tölömüş Okeýew

Tölömüş Okeýew, Gyrgyz kino sungatynyñ halypa režisýory we Gyrgyzystanyň daşary ýurtlarda wekilçilik eden döwlet işgäri.

04 Mart 2022 21:43

Tölömüş Okeýew, 1935-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyñ Ysyk-köl welaýatynyñ Bökönbaýew obasynda dünýä indi.

Ysyk-köliñ deñi-taýy bolmaýan tebigatynyñ goýnunda önüp ösen Okeýew tebigat bilen ýakyn aragatnaşyk saklady.

 Ene-atasy ogullarynyñ has gowy bilim almagy üçin ony Bişkeke ugratdy. Bikekde orta mektebi tamamlandan soñ Sank- Peterburg kino sungaty mektebine gitdi.

Bu mektebi tamamlandan soñ Gyrgyz kino studiýasynda ses tehnigi bolup işlemäge başlady. 1965-nji ýylda Moskwa ýokary režisorlyk institutyna kabul edildi.

Tölömüş Okeýew, 1966-njy ýylda ilkinji uzyn metražly “Çagalygymyzyñ asmany” atly çeper filmi çekdi. Atlaryñ çopany bolan bir maşgalanyñ durmuş hekaýasyny gürrüñ berýän bu çeper film, Italiýada “Altyn şaha” baýragyna mynasyp bolup kino sungat dünýäsinde ilkinji uly baýragyny gazandy.

Her çeper filminde hökman haýwan we çagany öz içine alýan režisýor “Kök Serek” (Bozkurt) atly çeper filmde kiçijik oglany ölümden halas eden möjek balasy bilen dostlugy hakynda gürrüň berildi. Çeper film, San-Fransisko festiwalynda görkezildi.

Gyrgyz kino sungatynyñ iň uly režisýory kabul edilýän Tölömüş Okeýew 1984-nji ýylda surata düşürilen "Gar gaplaňyň nesli" atly çeper filmi bilen iň uly üstünlik gazandy. “Gar gaplaňyň nesli 1985-nji” atly çeper film 1985-nji ýylda Germaniýada geçirilen 35-nji altyn aýy festiwalynda ikinji baýraga mynasyp boldy.

Tölömüş Okeýew möhüm hökümet wezipelerini ýerine ýetirdi. 1990-1993-nji ýyllar aralygynda deputat boldy.

1993-nji ýylda Gyrgyzystanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup bellendi we bu wezipesini 1998-nji ýya çenli dowam etdi. Soñ bolsa Gyrgyzystanyñ TÜRKSOÝ-daky wekili boldy.

Tölömüş Okeýew, 2001-nji ýylyñ 18-nji dekabrynda Ankara şäherinde dünýeden ötdi.

Habarlar