gyrgyzystany-tebigy-t-sinligi-catyr-koli

Gyrgyzystanyň tebigy täsinligi: "Çatyr köli"

Gyrgyzystanyň demirgazygynda orun alýan Çatyr köli, özboluşly gözelligi bilen özüne bendi edýär.

20 Mayıs 2022 18:17

Gyrgyzystanda Naryn welaýatynda Týan şan daglarynda ortaça deňizden 3530 metr beýiklikde Ak saý jülgesinde orun alýan Çatyr köl, ýurduñ 3-nji ýapyk dag kölüdir.

Gyrgyz dilinde "Semawi köl" manysyny añladýan Çatyr köliñ uzunlygy 23 km, ini 11 km. Beýiklikde orun alýandygy üçin amatsyz howa şertleri sebäpli bu köle barmak örän kyn.

Çatyr köl, sentýabrdan iýun aýyna çenli buzly bolýar. Buzuň galyňlygy 1,5 metre ýetip bilýär. Ýylyñ 9-10 aýynda kölüň suwy doñ bolansoň, kölde balyk ýaşanok .

Kölde ördek görnüşleri görünýär. Larus Brunnisephalus görnüşli ördegiñ ýaşaýan ýeke-täk ýeri hökmünde bilinýär.

Çatyr kölüñ gündogar böleginde orun alýan Kökaýgyr derýasynyñ goýnunda Neolit döwre degişli ( b.e.öñ VI-V asyrlar) eserler orun alýar.

Habarlar