h-zirki-zaman-gyrgyz-edebi-atyny-esaslandyryjylaryndan-kasym-tynystanow

Häzirki zaman Gyrgyz edebiýatynyñ esaslandyryjylaryndan: Kasym Tynystanow

Kasym Tynystanow,Gyrgyzystanyñ Türkologiýa boýunça beýik alymy

24 Haziran 2022 23:12

Kasym Tynystanow, Yssyk köle bagly Çyrpykty obasynda dünýä indi.

Maşgalasy, 1916-njy ýylda baş beren Ürkün wakasyndan soñ Hytaýa göç etmeli boldular.

1924-nji ýylda ýokary bilimini Daşkentdäki Gazagystan-Gyrgyz El Agartuu institutynda tamamlady.

1925-26-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystan Awtonom Respublikasynyň Akademiýa merkeziniň müdiri we 1927-30-njy ýyllar aralygynda Gyrgyz Awtonom Respublikasynyň Milli bilim ministri bolup işledi.

1928-31-nji ýyllar aralygynda "Cañı Madaniyat Colunda" žurnalynyň baş redaktory bolup işledi.

1930-37-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň siwilizasiýa institutynda işledi.

Kasym Tynystanow 1937-nji ýylyň 4-nji awgustynda SSSR-iň halkyna duşman bolmakda günäkärlenip tussag edildi.

Kasym Tynystanowa, 1938-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ölüm permany berildi.

1957-nji ýylda Kasym Tynystanowyñ abraýy gaýtadan dikeldildi.

Döredijiligi

Gyrgyzystanyň ýazuw dilini esaslandyryjylaryň biri bolan Tynystanow, arap elipbiýi bilen ýazylan gyrgyz diliniñ edebi dil bolmagynda, soñ bolsa gyrgyz diliniñ ilki latyn diline, soňra bolsa kiril elipbiýine geçmeginde işjeň işledi.

“Täze elipbiýiň döredilmeginde esasy ýörelgeler” atly eseri Bakuwda geçirilen 1-nji türkologlar kongresine hödürlendi.

"Gyrgyzystanyň ýazuw diliniň orfografiýasy", "Ulylar üçin Elifba kitaby", "Biziň dilimiz", "Gyrgyz diliniň morfologiýasy" we "Gyrgyz diliniň sintaksis" kitaplaryny ýazdy.

1933-nji ýylda “ Terminlar sözlügini” ýazdy.

Tynystanowyñ ýazan eserleri häzirem ylmy çeşme hökmünde ulanylýar.

Ylmy işlerden başga-da, Tynystanow poeziýa we drama ugurlarynda uly eserler miras galdyrdy.

Habarlar