halkara-turk-medeni-et-we-miras-gaznasyny-3-sahyr-bilelikde-taslamasy

Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasynyñ "3 şahyr bilelikde" taslamasy

Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasy tarapyndan berilen ýazmaça beýannama görä, taslamanyň çäginde Türki dünýäsiniň üç beýik şahyry Ýunus Emre, Aşyk Alasgar we Žambyl Žabaýewiň portretleri bolan poçta markasy çap edildi.

05 Mart 2022 16:02

Poçta markalar, Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasy we Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly Ösüş we Transport ministrligine degişli Azerpost bilen bilelikde çap edildi.

Türk edebiýatynyň beýik şahsyýetlerinden biri bolan Ýunus Emräniň aradan çykmagynyň 700 ýyllygyna, Azerbaýjan aýdym-saz sungatynyň görnükli wekili Aşyk Alasgaryň  doglan gününiñ 200 ýyllygyna we  Gazagystanyň halk şahyry Žambyl Žabaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygyna bagyşlanan taslamanyň tanyşdyrylyş çäresinde Türki dünýäsiniñ görnükli bagşy- şahyrlarynyñ, goşgularyny has köp tomaşaçylara ýetirmek maksat edinilýär.

Poçta markalaryñ ýüzündäki şahyrlaryň portretlerini Azerbaýjanly suratkeş Orhan Karaýew çekdi.

Türki Döwletleriñ Guramasy

Türki döwletleriň guramasy, ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy.

Wengriýa 2018-nji ýylda bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Şol ýylyň 30-njy aprelinde Özbegistan hem Türki geňeşe goşulmak meýlini beýan edip, 2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda guramanyň doly agzasy boldy.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambuldaky Demokratiýa we azatlyklar adasynda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde guramanyň ady Türki döwletleriň guramasy diýlip üýtgedildi we Türkmenistan bu gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşdy.

Guramanyň Baş sekretariaty Stambulda, Halkara Türk Medeniýet Guramasy Ankarada, Türki döwletleriň guramasynyň parlament assambleýasy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda we Halkara Türk akademiýasy Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda ýerleşýär.

2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky Nahçywan şertnamasyna agza döwletler guramanyň Birleşen Milletler Guramasynyň şertnamasyna laýyk gelýändigini we guramanyň maksadynyň Türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin we global parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmakdan ybaratdygyny mälim etdiler. Şeýle-de agza döwletler demokratiýa, adam hukuklaryna hormat goýmak we kanunyň hökmürowanlygy ýaly esasy gymmatlyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýurtlaryň umumy taryhyndan gözbaş alýan ýakyn gatnaşyklar olaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ynamy ösdürmeklerini ýeňilleşdirýär.

Agza döwletler ähli meselelerde, esasanam ykdysady, bilim we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýärler. Bu gurama agza bolmak beýleki guramalar bilen işleşmäge we olara agza bolmaga päsgel bermeýär. Türkmenistanyň syýasaty hem şu ugurdadyr. Bitarap Türkmenistan soňky geçirilen sammite ilkinji gezek synçy statusy bilen Prezident derejesinde gatnaşdy.

Türki döwletleriň guramasynyň agza we synçy ýurtlarynyň ilaty takmynan 150 milliona, ýurtlaryň jemi tutýan meýdany bolsa 4,242,362 inedördül kilometre barabar bolup, ol uly we möhüm geosyýasy sebitde ýerleşýär. Agza ýurtlarynyň Jemi içerki önüminiň 1 trillion ABŞ dollaryndan gowrak bolmagy bilen gurama dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär hem-de bu ýagdaý olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen barha ýokarlanar.

Bilermenler 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen sammiti taryhy taýdan dogry häsiýetlendirip, kabul edilen kararlaryň, wezipeleriň we maksatlaryň sebitiň geosyýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan möhüm taryhy ähmiýete eýe bolandygyny belleýärler. Türki döwletler ilkinji gezek gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine has giňişleýin baha berdiler we guramanyň Stambuldaky  sekizinji  sammitinde möhüm global, sebitleýin we milli meseleleri kesgitlediler. Mundan başga-da, döwletlere umumy syýasatlary işläp düzmek teklip edildi.

Habarlar