havelsan-firmasy-hassalary-uzakdan-gozegcilik-edilmegi-ucin-ewatch-elektro

“HAVELSAN” firmasy, hassalaryñ uzakdan gözegçilik edilmegi üçin eWatch ( elektron sagat) programma işläp düzdi

“HAVELSAN” firmasynyñ “eWatch” taslamasy üçin işlenip düzülen algoritmler, maksatlanýan maglumatlary berip synaglardan üstünlikli geçdi.

01 Mart 2021 20:07

Türkiýe, Gollandiýa we Belgiýadan hususy firmalaryñ we ýokary okuw jaýlarynyñ gatnaşmagynda geçirilen taslamanyñ çäginde HAVELSAN, ýapyk ýer anyklama algoritmini oýlap tapdy we bu programmany synaglardan üstünlikli geçirdi.

HAVELSAN tarapyndan işlenip düzülen algoritm bilen hassalara uzakdan gözegçilik etmegiň araçägi 1 metrden aşaklady.

“Bluetooth Low Energy” (BLE) tehnologiýalary bilen işlenip düzülen algoritm, 2016-njy ýylda 3 ýurtdan köp sanda firma we guramanyñ  gatnaşmagynda  başlan taslamanyň iñ innowasiony saýlandy.

Işlenip düzülen algoritm  we e-sagat programmanyñ ulanylmagy bilen hassalaryñ dem alyşy, uky düzgüni we ýürek signallary ýaly maglumatlar gözegçilik astynda saklanýar we ýeri çalt  kesgitleme ukyby saýasynda kömege has çalt ýetilmegi üpjün edýär.

Diňe näsaglara däl eýsem lukmanlara hem uly ýeñillik döretjek taslama, gelýän signallaryň şöhlelenmeginiň öňüni almak üçin iki aýry algoritm işlenip düzüldi. Taslamanyň patenti üçin ýüz tutuldy.

Habarlar