hazar-de-zind-ki-dostluk-atagyny-uglewodorod-serisdelerini-bilelikde-gozleme

Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Prezidentler iki döwletiň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli resminama gol çekilmegi mynasybetli birek-biregi gutladylar.

25 Ocak 2021 12:12

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hazar deňzi boýunça özara hereket etmegiň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruny emele getirýändigi bellenilip geçildi.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Prezidentler iki döwletiň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli resminama gol çekilmegi mynasybetli birek-biregi gutladylar.

 Türkmenistanda "Serdar" we Azerbaýjanda "Kepez" diýilýän bu ýatagyň haýsy ýurda degişlidigi we onuň nähili işlejekdigi baradaky mesele iki ýurduň arasynda diplomatik kynçylyklara sebäp bolýardy. Hazar deňzinde, Azerbaýjan we Türkmenistan sebitleriniň ortasynda ýerleşýän ýatakda takmynan 60 million tonna nebit gorunyň bardygy çak edilýär.

Anahtar Kelimeler: Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek,

Habarlar