hoja-ahmet-asawyny-dowrune-degisli-bolan-resminamalar-gun-uzune-cykaryldy

Hoja Ahmet Ýasawynyñ döwrüne degişli bolan resminamalar gün ýüzüne çykaryldy

Türk dünýäsiniñ ruhy lideri Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýegeni we şärigi bolan Ýusuf Ata degişli bolan resminamalar gün yüzüne çykaryldy. XII asryñ soñlary we XIII asryñ 1-nji döwrüne yşyk tutjak onlarça resminama Hezreti Soltan Taryh we Medeniýeti Gorama Muzeýine tabşyryldy.

30 Mart 2021 16:38

Taryhy gol ýazmalar, möhürlenen resminamalar we nesil şejeresi Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýegeni we şärigi bolan Ýusuf Ata tarapyndan XIII asyrda Çagataý dilinde ýazyldy.

Maşgalanyñ Türkistan şäherindäki öýünde goralyp saklanan bu resminamalar müzeýe tabşyrylýar. Resminamalarda ýazylanlar köp sanda dile terjime ediler.

Taryhy resminamalar nesilden nesle geçip Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýegeni Ýusuf Atanyñ agtyklary tarapyndan goralyp saklandy.

Asyrlar boýy saklanyp galan resminamalar gün ýüzüne çykaryldy. Ýusuf Atanyñ agtygy Saidalim Ýuldaşew beren interwýusynda: “ Sowýet Soýuzy döwründe bu resminamalary hiç kime görkezip bilemzokdyk. Şol döwürde şular ýaly resminamalary özümizem saklap bilemzokdyk başgalarynada berip bilemzokdyk. Bu resminamalaryñ gün ýüzüne çykma wagty geldi” -diýdi.

Taryhy resminamalarda Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýaşan döwrüne degişli möhim kararlar, ýer atlary, serhet maglumatlary, adamlaryñ gündelik ýaşaýyş durmuşlary barasynda maglumatlar orun alýar.

Saidalim Ýuldaşew: “resminamalarda Hoja Ahmet Ýasawynyñ şärikleri tarapyndan myhman edilende supradaky tagamlar barasynda maglumatlar bar. Hoja Ahmet Ýasawa 12 görnüşde üzüm hödür kerem edilýän eken”-diýdi.

Taryhy resminamalar Hezreti Soltan Taryh we Medeniýeti Gorama Muzeýine tabşyrylar.

Hezreti Soltan Muzeýiñ müdüri Nurbolat Ahmetžanow: “Ýüze çykarylan bu taryhy resminamalar muzeýiñ hünärmenleri tarapyndan okalar. Ozaldan bilinmeýän täze maglumatlar ýüze çykyp biler. Resminamalary gazak diline terjime edip kitap görnüşde çap etmegi meýilleşdirýäris”-diýdi.

Nurbolat Ahmetžanow Hoja Ahmet Ýasawy barasynda barlag we gözlegleriñ ýurduñ içinde we daşary ýurtlarda dowam etjekdigini nygtady.

Habarlar