hoja-ahmet-asawyny-kummetind-ki-gazan-ta-gazan

Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmetindäki gazan: Taý Gazan

Emir Teýmir tarapyndan ýasadylan  “Taý Gazan" döwriň iň esasy nyşanalaryndan biridir.

02 Ekim 2021 19:29

Tapawutly çeşmelerde gazanlaryň türk taryhynda möhüm orna eýe bolandygy görülýär. Adamlara haýyr-sahawat etmek, Ýaradana ýada möhim şahsyýete adaglanan zatlary toplamak ýada  iýmit we suw ýygnamak maksady bilen tapawutly gowrümde ýasalan gazanlar  arheologik gazuw-agtaryş işlerinde gün ýüzüne çykaryldy.

Gün ýüzüne çykarylan esasy gazanlardan biri hem Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmetinde orun alýan we 1399-njy ýylda Emir Teýmir tarapyndan ýasadylan Taý gazandyr. Gazanyñ ýüzünde arap elipbiýi bilen ýazylan ýazgyda taý gazanyñ Tebrizli Abdülaziz tarapyndan ýasalandygy ýazylýar.

Gazanyñ ýasalyş usulyna ser salanyñda ussat Abdülaziziñ orta asryñ ähli tehniki we estetiki bilimlerini bilýändigi tapawutly çeşmelerde bellenýär.

Gazan bölümi we aýaklary bilen iki esasy bölümden ybarat bolan Taý gazan iki tonna agyrlygynda, 1.63 metr boýunda we üç müñ litr suw  alýar.

Iki gapdalynda gazany daşamak üçin gül nagyşlary bilen bezelen 10 sany gulp bar.

Taý gazan 1935-nji ýylda Sowýet Soýuzy döwründe Sank-Peterburg Ermitaž muzeýine äkidilen hem bolsa 1989-njy ýylda ýañadan Gazagystan topraklaryna getirilip Ahmet Ýasawynyñ kümmetine goýuldy.

Ozallar juma namazlaryndan soñ içine doldurulan agyz suwunyñ Hoja Ahmet Ýasawynyñ  ýaranlary tarapyndan şypaly bolandygyna ynanylyp adamlara hödürlenendigi barasynda rowaýatlar bar.

Zamanamyzda taý gazan milli agzybirligiñ we raýdaşlygyñ nyşanasy bolandygyna ynanylýar we kümmete zyýarata gelenler tarapyndan içine teññe atylyp doga-dileg edilýär.

Habarlar