hojaly-sehitleri-karsta-hatyralandy

Hojaly şehitleri Karsta hatyralandy

1992-nji ýylyñ 26-njy fewralynda Azerbaýjanyñ Hojaly şäherinde baş beren gyrgynçylykda şehit bolanlaryñ hormatyna Türkiýäniñ Kars şäherinde hatyralama çäresi gurnaldy.

22 Şubat 2022 17:22

Haýdar Aliýew seýilgähindäki ýadygärligiñ öñüne gül-desseleriñ goýulmagyndan soñ hatyralama çäresi Kars welaýaty medeniýet we syýahatçylyk ministrligiñ maslahat zalynda dowam etdi. Çärede Gurhan okaldy, doga edildi.

Kars welaýatyñ häkimi Türker Öksüz çärede eden çykyşynda Hojaly gyrgynçylygyñ taryhyñ iñ ganly sahypalaryndan biri bolandygyny belläp: “Hojaly we dünýäniñ tapawutly sebitlerinde şehit bolan doganlarymyza Alladan rehnet dileýärin. 2020-nji ýylda 44 günläp dowam eden söweşiñ ahyrynda Ermenistan tarapyndan basyp alynan Garabag azat edildi. Gazanylan bu uly ýeñiş Türki dünýäsinde uly begenç we buýsanç bilen garşylandy. “ Bir millet iki döwlet” şygary astynda Türkiýe we Azerbaýjan her pudakda bolşy ýaly Garabag söweşinde hem arkalaşyk we hyzmatdaşlykda boldy. Türkiýe we Azerbaýjan taryhda hemişe iki doganlyk we dost ýurt boldy we şeyle galmaga dowam eder. Iki ýurduñ arasyndaky dostluk, doganlyk we strategik şäriklik baky dowam eder.”-diýdi.

Azerbaýjanyñ Kars baş konsoly Nuri Guliýew eden çykyşynda Hojaly gyrgynçylygyny ýatdan çykarmaly däldigimizi belläp: “ Sowýet soýuzy goşunynyñ goldawy bilen Ermenistan gyş paslynyñ iñ sowuk döwründe raýatlarymyzy öldürdi. Çaga, zenan, garry diýmän göwreli zenanlaryñ garynlaryny ýaryp öldürdi. Adamlarymyz diñe Hojalyda däl, Garabagda hem şehit berdi. Hudaýa müñde bir şükür 44 günläp dowam eden söweşiñ ahyrynda Garabag topraklary Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edildi.”-diýdi.

Hatyralama çärede şygyrlar okaldy, Hojaly gyrgynçylygy barasynda dokumental film görkezildi.

Habarlar