hosbo-ysy-bilen-san-sohrata-e-e-bolan-ozbek-gawunlary

Hoşboý ysy bilen şan-şöhrata eýe bolan Özbek gawunlary

Özbegistanda gawunyñ 150-den gowrap görnüşi ösdürlip ýetişdirilýär.

19 Şubat 2022 21:45

Özbegistan, Merkezi Aziýada gawunyñ watany kabul edilýär.

Ibn Sina gawunlaryň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunlaryň düzüminde gant, karotin, S,R witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse aşgazana, içegelere oňat täsir edýär. Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär. Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar. Gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr.

Özbegistan, Merkezi Aziýanyñ iñ uly gawun meýdanlaryna eýe. Dünýäniñ iñ lezzetli gawunlary Özbegistanyñ topraklarynda ösdürlip ýetişdirilýär. Gawunyñ agramy görnüşine görä 2 kgdan 30 kg-a çenli ýetip bilýär.

Gülistan, Harezm ýaly köp şäherinde her ýyl gawun festiwallary gurnalýar. Özbegistanda gawundan kak, gawun toşaby we baly edilýär.

Özbek gawunlary Beýik Britaniýa, Gollandiýa, Russiýa, Umman we Daniýa ýaly köp sanda döwlete eksport edilýär.

Özbegistanda ösdürlip ýetişdirilýän gawun görnüşleriñ käbiri: Kökçe, Emiri, Dahbedi, Borikkelle, Gurwek, Gülabi, Akurug, Koktinna, Kızılurug, Abinowwot, Şakarpalak, Torpedo, Ak gawun, Boswoldi, Zamça, Şirinpoçak.

Habarlar