hozu-di-ary-gyrgyzystany-jelal-abad-s-heri

Hozuñ diýary Gyrgyzystanyñ Jelal-Abad şäheri

Hozlary bilen meşhur bolan Jelal-Abad şäheri, Gyrgyzystanyñ günorta günbatarynda orun alýar.

05 Şubat 2022 07:05

Ýurduñ 3-nji uly şäheri bolan Jelal-Abad şäheri Babaş Ata dagyñ eteğinde orun alýar. Beýik ýüpek ýoluñ  ugrunda orun alýan Jelal-Abad şäheri hozlary we gyzgyn suw çeşmeleri bilen meşhur. Daglyk geografiki aýratynlyklary saýasynda gyzgyn suw çeşmeleri, mineral suwlar we şypahanalar bilen ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.

Toktogul bendi we Toktogul gidroelektrik stansiýasy

Toktogul bendi we Toktogul gidroelektrik stansiýasy, Naryn derýanyñ üstüne 1975-nji ýylda guruldy. Dünýäniñ iñ beýil 30 bendi arasynda orun alýar.

Toktogul gidroelektrik stansiýasy, energiýa üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistany birleşdirýän "Merkezi Aziýa Bilelikdäki Energetika Ulgamyna" ýygylygy kadalaşdyrmak hyzmatlaryny bermekde-de möhüm ähmiýete eýe.

Eýüp Pygamber çüwdürimi

Eýüp Pygamber çüwdürimi, şäherdäki iň möhüm syýahatçylyk ýeri hökmünde bilinýär. Çüwdürimiñ suwunyň deri we aşgazan keselleri üçin peýdalydygyna ynanylýar. Bu aýratynlygy bilen çüwdürim her ýyl müňlerçe ýerli we daşary ýurtly jahankeşdäni garş alýar.

Aslanbab hoz agajy tokaýy

Jelal-Abaddaky Aslanbab tokaýy, dünýädäki iň uly hoz tokaýlygy hökmünde tanalýar. Arslanbab derýasynyň içinden geçýän jülge we töwereginde 600 müň gektar meýdany miwe we hoz agaçlary örtýär. Aslanbab tokaýyndan her ýyl 1500 tonna hoz ýygnalýar.

Sary Çelek Köli

Merkezi Aziýanyň 3-nji çuň köli bolan Sary çelek, süýji we arassa suwly dag köli. El değmedik tebigaty adamzadyň gatyşmagyndan azat. Töweregi sosna we arça tokaýlary bilen gurşalan.

Sary-Çelek goraghanasy ÝUNESKO-nyň biosfera goraghanasynyň sanawynda we gorag astyndadyr.

Habarlar