ilkinji-turk-zenan-hokumdar-saka-hokumdary-tomiris

Ilkinji türk zenan hökümdar: Saka hökümdary Tomiris

Hökümdar Tomiris barasynda gürrüñ berilýän rowaýatlar Gazak halkynda nesilden-nesle geçip gelýär.

25 Eylül 2021 22:06

Hökümdar Tomrisiñ ady taryh sahypalaryna ýazylmagy bilen ölmez-ýitmez boldy.

Massaget taýpasynyñ ýolbaşçysy Spargarisiñ gyzy bolan Tomiris biziñ eramyzdan öñ VI asyrda ýaşap geçdi. Atasy Sakalaryñ hökümdary Ispakaidi. Tomirisiñ kakasy söweşýän taýpalary ýaraşdyryp bilen ökde serkerde, paýhasly we öňdengörüjilikli lider bolupdyr. Tomirisiñ ejesi bolsa ony dünýä getirende ölýär.

Tomiris ýarag ulanmagy we özüni goramagy öwrenip ulanýar. Biziñ eramyzdan öñ 530-529 ýyllarynda Medýa şasy Cyrys goñşy döwletleriñ aglabasyny öz ýanyna çekip” Aziýanyñ hökümdary” bolupdyr. Soñ gözüni uly sähra diken hökümdar Cyrus bir söweşde Tomirisiñ ýoldaşy Rüstemi öldürýär we ogly Spargapisi ýesir alýar. Ýakynlaryny ýitiren Tomiris bu wakadan soñ düşman bilen uly söweşe girýär.

Tomirisiñ söweşiji aýal gyzlary adatdan daşary batyrgaýlyk görkezip duşmany ýeñýär. Hökümdar Cyrus söweş meýdanynda ölýär we onuñ kellesi bir haltanyñ içinde Tomirisiñ öñüne getirilýär. Bu söweşden soñ güýjüni we abraýyny ýitiren Aziýa döwleti Medýa mundan beýläk ozalky kuwwatyna eýe bolup bilenok.

Taryhçy Gerodot,  söweşde batyrgaýlyk we tutanýerlilik görkezen Saka gyzlaryna "iň gazaply we iň beýik" adyny berdi.

Gresiýaly taryhçy hökümdar Tomirisiň gazanan ýeñişlerini kagyz ýüzüne ýazyp zamanamyza gelip ýetmegini üpjün edýär.

Hökümdar Tomiris öz ýurdunda köp ýyllap höküm sürdi we dogrulygyna we paýhasyna haýran galan halk hemişe onuň ýanynda boldy.

Rowaýata öwrülen gahryman hökümdaryñ durmuşy barasynda Gazak režisor Akan Sataýew çeper film surada düşürildi. “Tomiris” atly çeper-film Türkiýede hem kinozallarda görkezilýär.

Habarlar