iv-ze-tinburnu-turki-dun-si-heka-a-festiwaly-2-nji-i-unda-basla-ar

IV Zeýtinburnu Türki Dünýäsi hekaýa festiwaly 2-nji iýunda başlaýar

Zeýtinburnu şäher häkimligi tarapyndan şu ýyl dördünjisi gurnaljak Türki dünýäsi hekaýa festiwaly 2-4-nji iýunda geçiriler.

27 Mayıs 2022 11:37

Zeýtinburnu şäher häkimligi tarapyndan berilen beýannamada, Türki dünýäsinden ussat edebiýatçylaryñ gatnaşmagynda geçiriljek festiwalyñ çäginde Azeriniñ konserti we Fatemeh Saba Žafariniñ miniatýura sergisi gurnalar.

Festiwalyñ şu ýylky temasy "Hekaýaňyzy ýada salyň" bolar.

Zeýtinburnu Medeniýet we Sungat, Zeýtinburnu Kitap dükany we Nagmedaryñ ýer eýeçiliginde geçiriljek festiwalda Nejip Tosun we Abdullah Harmanjy bilen köp sanda tanymal edebiýatçy we ýazyjy çykyş eder.

Festiwalda gysga hekaýa žanrynyň ösüşi we häzirki ýagdaýy, şeýle hem mifler, fantastiki edebiýat, gahrymanlar, döwürleýin neşirler we türk dialektlarynyñ arasynda terjime ýaly tapawutly temalar gözden geçiriler.

Festiwal bilen Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan we Türki dünýäsiniň çar künjeginden gelen hekaýaçylar we terjimeçiler bilen doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksat edinilýär.

IV Zeýtinburnu Türki Dünýäsi hekaýa festiwaly barasynda giñişleýin maglumaty “ zeytinburnukultursanat.com” web salgysyndan öwrenip bilersiñiz.

Habarlar