kackar-daglary-heliski-howesje-leri-bilen-sy-ahatcylyga-oz-gosandyny-gos-ar

Kaçkar daglary “heliski” höwesjeňleri bilen syýahatçylyga öz goşandyny goşýar

Ýerli we daşary ýurtly lyžaçylaryň iñ köp gelim-gidimli ýerine öwrülen Kaçkar daglary, "helikski" sportyñ höwesjeňlerine ýer eýeçiligi etmäge dowam edýär.

18 Mart 2022 21:06

Dik dikuçar bilen dagyň çur depesine getirilýän lyžaçylaryñ, dik eňňitlerde we beýik ýerlerde lyžada typýan sportuñ bir görnüşi bolan heliski, dünýäniň birnäçe merkezinde amala aşyrylýar.

Türkiýede bolsa bu sport, Kaçkar Daglarynyñ Rize welaýatynyñ Çamlyhemşin, Ikizdere we Artwin welaýatynyñ Ýusufeli etrabynda 2005-nji ýyldan bäri amala aşyryşýar.

Çamlyhemşin welaýatynyñ Aýder ýaýlasy we Kaçkar daglarynda edilýän heliski sporty Türkiýe bilen Şweýsariýanyň hyzmatdaşlygy bolan Türkiýe-Aýder Heliski awiasiýa we syýahatçylyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Sebitdäki tehniki işler tamamlanandan soň, 17-nji ýanwarda iki dikuçar bilen başlaýan heliski sport çaresinde şu hepde 22 türgenden ybarat bolan topar gatnaşdy.

Şweýsariýa, Bolgariýa, Angliýa we Belgiýadan gelen 22 türgen amatly howa şertlerine görä Kaçkar daglarynda heliski edýär.

Garyň galyňlygy 2 metrden geçýän sebitde typýan türgenler, howpsuzlygy iň ýokary derejede saklamak bilen, gar bilen örtülen sosna tokaýlarynyň arasynda adrenalin doly wagt geçirýärler.

Beýleki tarapdan, aprel aýynyň ortalaryna çenli uzaldylan bu çärä üçin täze türgenler hem ýazga alynmaga dowam edýär.

Habarlar