kasgarly-mahmudy-ylmy-mirasy-we-onu-3000-yllyk-turkologi-asyny-osusind-ki-r

"Kaşgarly Mahmudyň ylmy mirasy we onuň 3000 ýyllyk turkologiýasynyň ösüşindäki roly" atly halkara ylmy-maslahat öz işine başlady.

Kasgarly Mahmudyň “Diwanu Lugatit-Türk” atly eserini hemmetaraplaýyn ele alan “Kaşgarly Mahmudyň ylmy mirasy we 3000 ýyllyk turkologiýasynyň ösüşindäki roly” atly halkara ylmy-maslahat başlady.

29 Eylül 2021 15:28

Stambul Uniwersitetinde başlan ylmy-maslahatda çykyş eden Stambul Uniwersitetiñ rektory Mahmut Ak, döwrüniñ bilimlerine we ýaşan geografiýasyndaky medeniýet we dil dürliligine eýe bolan musulman Türk bilim adamy Kaşgarly Mahmudyñ galama alan Diwanu Lugatit Türkiñ, Türk-Yslam edebiýatynyñ iñ esasy çeşmelerinde biri bolandygyny aýtdy.

Eseriň öz döwründen has giñ gözýetim bilen ýazylandygyny belläp geçen Mustafa Ak, häzirki zaman jemgyýetçilik-medeni durmuşa ýagtylyk bermek arkaly goşant goşmagyny dowam etdirýän Diwanu Lugatit-Türk eseriñ akademiki nukdaýnazardan.çözülmegine garaşylýan köp sanly aýratynlygynyñ bardygyny aýtdy.

Rektor Ak, Kaşgarly Mahmut tarapyndan XI asryñ 2-nji ýarymynda, Araplara Türkçe öwretmek maksady bilen arap diliniñ kadalaryna laýyklykda ýazylan ensiklopedik sözlük barasynda:” Türk diliniñ, taryhynyñ, edebiýatynyñ, halk döredijiliginiñ  gysgaça aýdylanda türk medeniýet we sungatynyñ iñ uly hazynasydyr. Merkezi Aziýa Türk dünýäsiniñ dil we medeni mirasydyr. Sözlükde türk geografiýasyna, taryhyna we rowaýatlaryna degişli maglumatlar bilen türk halkynyñ adaty gündelik durmuşy, däp-dessurlary, tagamlary, egin-eşikleri we ykdysady durmuşy barasynda köp sanda gymmaty maglumatlar berilýär”-diýdi.

Rektor Ak, Türk dünýäsinde esasy orna eýe bolan Özbegistan bilen medeni, bilim we sungat pudagynda gatnaşyklaryñ hasam ösmegini arzuw edýändiklerini nygtap dünýäniñ iñ kökli dillerinden we giñ bir geografiýa ýaýran dillerden biri bolan türkçäniñ daşary ýurt dili hökmünde öwretmäge başlan Diwan-u Lugat-it türk, Kaşgarly Mahmudtan zamanamyza çenli her asyrda we giñ bir geografiýada Türk diliniñ dünýäniñ çar künjeginde gürleşilýän bir dil bolmagyna uly goşant goşdy.”-diýdi.

Daşkent döwlet gündogar uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Gülçehra Rihsiýewa eden çykyşynda Kaşgarly Mahmudyñ dünýä ylymlarynyň taryhynda beýik Türkolog we dünýä türkologiýasynda abraýly ornunyň bardygyny aýtdy.

Rihsiýewa, bu ylmy maslahatyñ mundan soñ ylmy işleriñ kesgitlenmeginde aýratyn ornunyñ boljakdygyny, ylmy maslahatyñ iň esasy aýratynlygynyñ eseriň täze neşiriniň tanyşdyrylyşy bolandygyny aýtdy.

Türki Geñeşiñ baş sekretarynyñ orunbasary Dr. Mirwokhid Azimow eden çykyşynda şular ýaly ylmy-maslahatlaryñ Türki Geñeşine agza döwletleriñ ýokary okuw jaýlarynyñ we ylmy-barlag merkezleriniñ Türk dünýäsiniñ mirasynyñ wagyz edilmegine we ýaýramagyna goşant goşjakdygyny aýtdy.

Azimow, Türk Geňeşiniň sekretariatynyň howandarlygynda neşir edilen kitabyň, Kaşgarly Mahmudyň eseriniň wagyz edilmegine we ýaýramagyna goşant goşjakdygyny, eseriñ hemmetaraplaýyn seljerilmeginiň türki dilli döwletleri has ýakynlaşdyrmagyna we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini aýtdy.

Marmara Uniwersiteti, Stambul Uniwersiteti, Daşkent Döwlet Gündogar uniwersiteti we Türki Geñeşiñ howandarlygynda geçirilen Türkiýe we daşary ýurtlardan bilim adamlarynyñ gatnaşmagynda geçirilýän ylmy-maslahat 2 günläp dowam eder.

Habarlar