keramatly-turkmen-tamdyry

Keramatly türkmen tamdyry

Tamdyr mukkaddesdir. Onda adamyň höregi-çörek bişirilýär. Türkmen zenanlary hemişe tamdyrynyň, ojagynyň suwalgy, gelşikli, abat bolmagy üçin alada edýärler. Gyş-ýaz aýlary ýagyn ýaganda hem üstüni basyryp goýýarlar.

10 Haziran 2022 21:02

Türkmen tamdyry keramatdyr. Tamdyr-ojagyny keramat saýan enelerimiz irki döwürlerde aglak çagany anna güni, ýa-da göwreli gelni dogumdan öň tamdyryň daşyndan üç gezek aýlap tamdyr keramatyna uýupdyrlar.

Tamdyr il agzybirliginiň hem alamatydyr. Bir wagtlar diňe bir goňşy sebitlerden gelen myhmanlar däl, eýsem, talaňçy-basybaljylaram islendik obany alyslardan synlap, tamdyrlarynyň az-köplügine görä, ol obanyň ilatynyň agzybirlik ýagdaýyny aňypdyrlar.

Çörek bişirilýän wagtynda tamdyryň başynda içilen suw, iýlen çörek hem sogap saýylýar. Türkmen ýüregi deý gorly çörek desterhanyň naýbaşy nygmaty. Her bir edim-gylymda bolşy ýaly, çörek bişirmekde hem ene-mamalardan miras galan özboluşly inçelik, bu kesbiň ýazylmadyk kada-kanunlary bar.

Çöregi söýemän, arkasyny-ýüzüni deňje gyzartmak hem ussatlygy talap edýär. «Oduňy aýama, çöregiňi söýeme» diýen sözleri döreden halkyñ tamdyra uly hormat goýşy ýaly, ony täze ýere göçürmek, ýa-da täzesini salmak işine-de örän aýawly çemeleşýär. Başyna baranda her gezek tamdyryň pirinden - Mirkulaldan ýagşy-ýagşy dilegler edýän eneler  il-güne saglyk, öý-ojaklara rysgal, abadançylyk, bolçulyk arzuwlaýarlar.

Tamdyrda bişýän mele-myssyk çöregiň tagamy, ýakymly ysy türkmeniň ruhy dünýäsiniň baýlygy, ajaýyplygy bilen utgaşýar. Tamdyr suwuny keramatly hasap edýän eneler çörek bişirilýärkä, onuň ýüzüne her gezekki berilýän suwa — päklik suwy, aklyk suwy, gyzyl suwy, bereket suwy diýip sarpalap at beripdirler. Çörek bişirilip bolnandan soňky galan tamdyr suwy, aýak basylmajak ýere sepilýär.

Tamdyr başynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biri-de ýaňy bişen çöregiň paýlanylyşydyr. «Iliki çykan çörekde öýüň rysgaly bolarmyş» diýen pähime sarpa goýýan eneler tamdyrdan ilki çykarylan çöregi döwmän goýýarlar. Soňky çykarylan çöreklerden bolsa çagalara, töwekdäkilere, hatda ötegçilere-de höwes bilen hödür edilýär.

Tamdyr başynda «Bissimilla» diýip çörek döwlip, tagamyny dadan ýaşuly eneler behişdi tagamyň hormatyna okaýan dogaýy dileglerinde keramat duýulýar. Keramatly tamdyrlarda bişýän melemyssyk çöregiň ýakymly ysy dünýämize bolluk bilen ýaýrasyn!

Habarlar