koneme-n-o-unlar

Könemeýän oýunlar

Wagtyň geçmegine garamazdan, käbir oýunlar adamlary birleşdirmäge dowam edýär.

08 Nisan 2022 21:27

Tehnologiýanyň çalt ösmegi we ýaýramagy oýunlar bilen oýunçylaram üýtgetdi. Indi oýunlar barada aýdylanda, köp adamýñ ilki aklyna elektron enjamlarda oýnalýan oýunlar gelýär.

Oýlap tapylandan bäri asyrlar geçendigine garamazdan, çagalary tolgunlandyrýan we höweslendirýän köp sanda oyun bar. Oýunlar nädip ýüze çykdyka?

Oýunlar zerurlyk we jemgyýetleşmegiň serişdesidir. Oýunlar, asyrlar boýy adamlar üçin iň amatly aragatnaşyk guralyna öwrüldi.

Mangala oýunyñ taryhy

Taryhdaky iň gadymy oýunlaryň biri Türkleriñ akyl we strategiýa oýny:Mangala.

Mangalanyň şekillerini XVI asyrdan bäri türk miniatýuralarynda görmek bolýar. Köp ýyllañ dowamynda tapawutly medeniýetlerde oýnalýan bu strategiýa oýnuna degişli maglumatlar ýatdan çykarylmaga başlandy.

Mangala oýun birleşiginiň başlygy Serkan Aziz Jeýhan we doganynyň eden giňişleýin gözlegleri netijesinde ýañadan ýüze çykan bu oýun häzirki wagtda hemmeler tarapyndan oýnalýar.

Serkan Aziz Jeýhanyñ ýolbaşçylygyndaky topary, Türk medeniýetiñ ilkinji kofe dükanyny gözleýärkä 1582-nji ýylda çyzylan, bir elinde Türk kofesi bir elinde bolsa 12 otagly bir zady tutýan iki adamyñ suradyna gabat gelýärler. Bu oyun barasynda giñişleýin gözleg geçirýärler. Ahyr soñy bu oýunyñ Prof. Dr. Metin Antyñ 1974-nji ýylda çap edilen kitabynda geçen Aziýa we Afrikada oýnalýan “Mangala” adynda bir oýun bolandygy gün ýüzüne çykarylýar. Ýöne bu kitapda bu oýunyñ nädip oýnalýandygy barasynda maglumat ýokty. Gözlegler dowam edýärkä Prof. Dr. Abdulwahap Karanyñ Merkezi Aziýadaky bir oýundan gürüñ berýärkä bu oýunyñ “Mangala” oýuny bolandygy ýüze çykdy.

ÝUNESKO-nyň adamzadyñ maddy däl medeni mirasy 15-nji hökümetara komitetiniň mejlisinde 2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kabul edilen karar bilen, Mangala oýuny ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda hasaba alyndy.

Mangala oýnunda göçümleriň sany köp we edilen göçüme görä ýeňiş gazanmak ähtimaly  ýokarlanýar.

Bu oyun 2 oýunçuly. Iki tarapda 6 guýy bar. Iki oýunçyñ hersinde bir howdan bar. Mangala oýunda esasy zat howdanlary daşlar bilen doldurmak. Kim öz howdanyna has köp daş doldursa, bu oýunyñ ýeñijisi bolýar. Oýunda jemi 48 daş bar. Her guýuda 4 sany boljak şekilde iki oýunça 24 daş paýlanýar.

Oýunyň 4 sany añsat düzgüni bar:

1-öz guýyñda bir daş galdyryp  şol guýudaky galan daşlary bolsa sag tarapdan başlap deñ  sanda guýulara paýlamak.

2- bu daşlary setir bilen guýudan howdanyñ bolan sag tapara dogry daşamak we soñky daşyñ howdana düşse ýene oýnamaga hukuk gazanýañ

3- iň soňky daşyñ garşydaşyň guýusyndaky daşlardan  iki esse bolsa  garşydaşyñ guýusyndaky daşlar seniñki bolýar

4- guýyñ boş bolsa we bu guýa öz daşyñy atsañ  boş guýyny dolduranyñ üçin öz guýyndaky we garşydaşyñ guýusyndaky daşlary gazanýañ.

Mangala oýuny soñky daş guraly bilen bilinýän oýun. Düzgünleri añsat bolany üçin her ýaş toparynyñ ünsüni çekýär.

Taryhda bilinýän iñ gadymy oýun:Go

Çaklamalara görä dünýä taryhynda iñ gadymy oýun “Go”-nyñ dört müñ ýyllyk taryhy bar. Aziýa yklymynda ilkinji gezek ýüze çykan bu oýny tagtada gara we ak daşlar bilen oýnalýar.

“Go” oýnynda Uzak Gündogar, Hytaý,Koreýa, we Ýaponiýada ussat oýunçylar ýetişýär we ömürlerinin ahyryna  çenli oýnaýarlar. Koreýa we ýaponiýada “ Go” oýny barasynda 24 sagatlap ýaýlym berýän telewideniýe kanallary bar. Koreýada Seulda 4 ýyllyk bir “ Go” fakulteti bar.

Habarlar