krym-tatar-medeni-etinde-gurhany-gaby

Krym tatar medeniýetinde Gurhanyñ gaby

Gurhanyñ saklanýan gabyñ bezegine berilýän ähmiýet, bu mukaddes kitabyň Krym tatar öýlerinde eýe bolan manysyndan gelip çykýar.

14 Ocak 2022 15:21

Krym ýarym adanyñ ýerli halky bolan Krym tatarlary yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän jemgyýetdir. Hatda Sowet Soýuzy döwründe dine garşy alyp barylan syýasat hem muny üýtgedip bilmedi.

Staliniñ buýrugy bilen 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda sürgün durmuşyna duçar galan Krym tatarlarynyň köpüsi mukaddes kitaby gursagyna baglap, öýlerinden çykdylar. Muny gören Sowet esgerleri olardan Gurhana basmagy, tüýkürmegi ýa-da ýakmagy buýurdylar. Ýöne olaryñ garşysynda bu buýruklary ýerine ýetirmekden ölmegi saýlaýan millet bardy.

Sowet esgerleriniň zulmundan we aýylganç syýahatdan halas bolanlar sürgün edilen ýerlerinde ellerinde saklamagy başaran Gurhana gözleriniñ göreji ýaly bakdylar. Indi bu kitap, olar üçin beýik Biribaryñ sözi bolmakdan başga-da, watanlaryny, ýitiren ata-babalaryny, dogan-garyndaşlaryny we çagalaryny wekilçilik edýärdi. Şonuň üçin bu mukaddes kitap bolan ýeriniñ baş täjidi. Olar üçin ýörite bezelen gaplary dikýän eli çeper zenanlar, Ony öýüň iñ esasy otagynyň diwaryna asdylar.

Wagtyň geçmegi bilen hasam güýjeýän hasrat, Gurhanyň gabynyñ bezeginde-de öz beýanyny tapdy. Nagyslar, ýetim galan ata watany, öýi, bagy, ýolda ýitirilen ejäni, söýgüni wasp edýärdi. Ulanylan ýüpler küýselýän howany, ýeli, daglary, deñizi gürrüñ berýän ýaly…

Ata watana gaýdylyp gelinenden soñ hem bu nagyşlar Krym Tatarlaryñ ajy we begençlerini wasp etmäge dowam edýr. Bu deñi-taýy bolmaýan eserler wagtyñ geçmegi bilen bir däp-dessura we hünäre öwrüldi.

Häzirki wagtda Krym tatar çeper elli zenanlaryñ dikýän Gurhan gaplarynyn hersiniň size aýdyp berjek ýürek aýdymy bar.

Habarlar