krym-tatar-sahyry-sakir-selim

Krym Tatar şahyry: Şakir Selim

Şakir Selim, 1942-nji ýylyñ 10-njy aprelinde Krymyñ Akşeýh sebitiniñ uly As obasynda dünýä indi.

19 Şubat 2022 21:45

Krym Tatarlaryñ watanlaryndan sürgün edilmegi sebäpli çagalyk döwrüni ilki Özbegistanyñ Jambaý mähellesinde, soñ bolsa Daşkentde geçirdi. 1958-nji ýylda orta mektebi tamamlady. Ol, Samarkand Mugallymçylyk mektebini gutardy. Iki ýyl mugallym bolup işläninden soñ harby gullugyny Sibirde etdi. 1965-nji ýylda Samarkand uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň rus dili bölümine girip, 1971-nji ýylda okuwy tamamlady. Onuñ ilkinji goşgulary 1963-nji ýylda "Lenin Baýdak" gazetinde çap edildi.

Şakir Selim, ilkinji halkara baýragyny 1996-njy ýylda Ankara şäherinde geçirilen şygyr bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolup gazandy. Şol ýylyñ dowamynda Arif Nihat Asýa şygyr baýragyna hem mynasyp boldy. 1997-nji ýylda Adam Mitskewiçiñ “ Krym sonatlary” atly eserini Krym tatar diline terjime edendigi üçin “ Polkul” gaznasynyñ Polşa baýragyna mynasyp boldy. 1997-nji Taras Sewçenko adynda Ukraina döwlet baýragynyñ eýesi boldy.

Şahyr Şakir Selime 1998-nji ýylda Krym Tatar teatry ýokary döwlet baýragy gowşuruldy.

Şakir Selim, Krym Tatar mejlisine saýlanyp deputat boldy. 1972-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli “ Ýyldyz” gazetiñ baş redaktory bolup işledi. Saglyk ýagdaýy sebäpli 2008-nji ýylda Krym Tatar ýazyjylar bileleşigiñ başlyklyk wezipesinden çekildi.

Şakir Selim, 1972-nji ýylda “ Akbardak” ady bilen ilkinji şygyr kitabyny çap etdi. Çap edilen illkinji kitabyndan soñ “ Duýgularym”, “ Söýgi Alawy”, “ Uýanuw”, “ Şemaly diñle” we Krymda “Düşünje” atly şygyr kitaplary çap edildi.

Şakir Selim, 2008-nji ýylyñ 18-nji noýabrynda düñyeden ötdi.

Habarlar