krym-tatar-zenanlaryny-i-gymmatly-hazynasy-fes

Krym tatar zenanlarynyñ iñ gymmatly hazynasy: Fes

Fes, diñe milli nagyşlar bilen bezelen zenanlaryñ başgaby däl eýsem Krym tatar medeniýetiniň möhüm nyşanalaryndan biridir.

24 Eylül 2021 19:36

Krym tatar zenanlary mahmaldan tikilen we “fes” diýilýän başgaby, erkekler bolsa “kalpak” diýilýän  astrahan ýada goýun derisinden ýasalan başgaby geýýäler.

Zenanlar feslerini altyn, kümüş we monjuklar bilen erkekleriñ gara renkli kalpaklaryny bolsa aý ýyldyzly nagyşlar bilen bezeýärler.

Ozallar adamlar pagta, zygyr matadan tikilen eşikleri geýýärdiler, Iň halanýan matalar bolsa mahmal we ýüpekdi.

Fesiñ depesi dürli daşlar bilen bezelen togalak bir “teplik” diýilýän bölek bilen gaplanýardy.  Fesiñ görnüşi kesilen bir konusyñ aşagy ýaly. Fesiñ beýikligi ortaça aýalyň eliniň dört barmagydyr we kellesine gowy laýyk bolmaly. Fes başgaby çagalykdan bäri geýilýär.

Fes ozallar aýalyň abraýydy. Zenanyñ maşgala ýagdaýyny, jemgyýetdäki ornuny we hatda näçe çagasynyň bardygyny añladýan başgapdy.

Iñ gymmatly fesler, nesilden nesle ejeden gyza geçen feslerdir.

Krym etnografy, rus alymy Markow 1902-nji ýylda fes başgaby barasynda şeýle gürrüñ berýär: “ bökjekläp oýnaýan iki ýaşyndaky Krym tatar gyzjagaz edil ulular ýaly geýinipdi. Her birinde kiçi başgaby bardy. Bu ors maşgalalarynda seýrek duş gelýän däpdir. Bu däp, kiçi çagada-da adam mertebesiniň we adam hukuklarynyň instinktiw beýanyny görkezýär."-diýdi.

Fes tikme sungaty zamanamyzda hem dowam edýär. Krym tatar zenanlary baýramdyr, toý-dabaralarda birbirinden owadan fes başgaby geýýärler. Döwrebap fesler zamanamyzyñ egin-eşik we şaý-sepleri bilen utgaşykda bolandygy üçin ýaş gyzlar tarapyndan hem gowy görülip dakylýar.

Habarlar