krym-tatarlary-derwiza-ba-ramyny-a-rylmaz-sporty-gusak-goresi

Krym Tatarlaryñ “Derwiza” baýramynyñ aýrylmaz sporty: Guşak göreşi

Krym Tatarlarda guşak göreşi, Hydrelez, Tepreş ýaly baýram günlerinde ýada toý-dabaralarda oýnalýar.

08 Ekim 2021 21:27

Guşak göreşi diňe bir Krymda däl, eýsem ol ýerden Rumyniýa we Türkiýä göçüp gelen Krym tatarlaryñ arasynda hem giňden ýaýran sport.

Umuman, guşak göreşi toý-dabaralarda, baýramçylyklarda deprekler we aýdym-sazlar bilen bilelikde ýaşlaryñ arasynda  ýumşak ýerde ýa-da güýmenje maksatly tekiz ýerde geçirilýär.

Ýaş we agyrlyklaryna görä üç topara bölünen pälwanlar garşydaşyň şalga düşmeği ( iki egniniñ ýere degmegi) üçin biline guşalan iki metr uzynlykdaky ýörite dokalan guşaklary tutup göreşýärler.

Üýtgemän dowam edip gelýän bu milli sporta zamanamyzda hem uly gyzyklanma görkezilýär. Bäsleşigiñ ahyrynda ýeniş gazanan pälwanlara goç sowgat edilýär.

Ýeñişe mynasyp bolan pälwan goç  baýragyny egnine alýar we adamlaryñ öňünde ýeňiş yörişi edýär.

Habarlar