krymda-i-kop-gelim-gidimli-er-nikitski-botanika-bagy

Krymda iñ köp gelim-gidimli ýer: Nikitskiý Botanika Bagy

Ýalta şäherinde orun alýan Nikitskiý botanika bagy köp asyrlardan bäri halka açyk.

03 Aralık 2021 20:49

Botanika bagyñ ilkinji müdüri Kawkaz we Krym ösümlik dünýäsiniň bilim adamy Kristian Stiwen şäheriñ howa şertlerine amatly bolan  köp sanly ösümligi ösdürip ýetişdirdi.

Stiweniñ barlaglarynyñ netijesinde ozallar Krymda ýetişmeýän wisteria, sosna, kedr we köp sanly agaç we ösümlikleri ösdürilip ýetişdirildi.

Şugünki gün botanika bagynda 1125-den aşa tapawutly agaç  we ösümlik görnüşi ýetişýär.

Nikitsiý botanika bagyñ iñ owadan künjegi bolsa dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen 1700 sany agaç görnüşiñ we gyrymsy agaçlaryñ bolan dendrologiki seýilgähdir.

Seýilgähde 600-den gowrak gül we 250 töweregi parnik ösümligi oturdyldy.

Dünýädäki iň uly gül kolleksiýasy deñiz kenarynda ýetişdirilýär.

Her ýyl 300 müñden aşa jahankeşde Nikitskiý Botanika bagyñ baý ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga gelýär.

Nikitsiý Botanika bagy her möwsim açyk. Fewral aýy, Krymyň ak gülleriniñ we hoşboý ysly gyrmyzy gülleriñ wagty. Mart aýynyň ahyrynda agaçlarda we gyrymsy agaçlarda ilkinji näzik açyk ýapraklar peýda bolýar. Maý aýy agaçlaryñ, gülleriñ gülläp ösýän döwri. Gyş paslynda bolsa botanika bagy ertekiler diýaryna meñzeýär.

Habarlar