krymda-osmanly-yzlary-eni-t-ze-gala

Krymda Osmanly yzlary: Ýeni ( täze) gala

Ýeni gala, gadymy Kerç şäheriñ 10 km gündogarynda, deňiziñ kenarynda we Akynty Burnu sebitinde orun alýar.

20 Ağustos 2021 19:59

Häzirki Ýeni galanyñ ýerine XIV asyrda Genolar tarapyndan gurlan has kiçi göwrümde bir gala bar. Bu gala 1631-nji ýylda Zaporog Gazaklary tarapyndan weýran edilýär.

Russiýa Imperiýasynyñ goşuny tarapyndan 1696-njy ýylda Azak Galasynyñ basyp alynmagy we 1700-nji ýylda gol çekişilen Stambul ylalaşygy bilen Osman Imperiýasy tarapyndan ykrar edilmegi Osman Imperiýasyny Ors flotynyñ Garadeñize çykmagynyñ öñüni almak üçin goşmaça täze çäreler almaga gönükdirýär. Şoňa laýyklykda 1702-nji ýylda Kerç bogazyny goramak üçin uly we berkitilen gala gurmak karary kabul edilýär.

Ýeni  gala adyny aljak bu galanyñ gurluşygyna 1703-nji ýylda başlanýar. Fransuz hünärmenleriñ gözegçiliginde we döwriñ iñ ýokary berkitme bilmi bilen gurlan galanyñ gurluşygy 1710-njy ýylda tamamlanýar.

Ýeni gala 1771-nji ýylda Wasiliý Mihaýlowiç Dolgorukowyñ ýolbaşçylygyndaky rus goşuny tarapyndan basyp alynýar we 1774-nji ýylda gol çekişilen Küçük Kaýnarja şertnamasy bilen gala resmi taýdan Russiýa Imperiýasyna berildi.

Ýeni gala Krym urşynda ( maý 1855) hyzmatdaş goşunlar tarapyndan basyp alyndy ýöne uruş gutarandan soň Russiýa gaýdyp berildi.

Galadaky hassahana 1880-nji ýylda işini bes etdi. Ýeni gala II Jahan Urşunda harby maksatlar üçin ulanyldy. Ýeni galadaky harby baza, metjid, hamam we gala goragçylaryñ galýan ýeri ýaly ýerler zamanamyza gelip ýetmedi.

Habarlar