krymda-uzumi-110-a-gola-gornusi-osdurilip-etisdiril-r

Krymda üzümiň 110-a golaý görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär

Hünärmenler 80-si Sudak sebitinde bolmak bilen Krymda jemi 110-a golaý üzüm görnüşiniñ ösdürilip ýetişdirilýändigini yglan etdiler,

28 Ocak 2022 20:54

Üzüm görnüşleriñ arasynda iñ meşhur görnüşleri Ekim kara, Jewat Kara, Kefesia, Ak Kapsel, Sary Pandas, Kök Pandas, Sary Kabak we Şabaş.

Üzüm görnüşleri Kryma Hindistan, Eýran, Alžyr we Gresiýadan beýik ýüpek ýolunyñ üsti bilen gelipdir.

Taurly we skifleriň ýarym adada üzümçilik bilen meşgullanandyklary we olardan soň grek we italýan kolonistleriñ üzümçilik bilen meşgul bolandygy gürrüñ berilýär.

Üzümçilik Hersones döwründe, Bospor şalygy, Mangup şazadasy we Krym hanlygy döwründe ösüpdir.

Bulardan başga-da Krym hanlygy döwründe ýerli sort Ekim Kara-dan şerbet öndürilişine aýratyn üns berilipdir. Bu üzümiň şiresi gan emele getiriji we ýarany bejermek aýratynlyklaryna eýedir.

Ýaralanan esgerleri çalt bejermek üçin Ekim Gara bahasyna ýetip bolmajak antiseptikdi.

Ekim Gara üzüm şiresi antiseptik bolany üçin; ýaralary ýuwmak we gan ýitgisini duruzmak üçin ulanyldy. Gan ýitgisini duruzmak üçin gyzgyn içgilere goşuldy.

Habarlar