krymdaky-tokluk-obasyny-metjidi

Krymdaky Tokluk Obasynyñ Metjidi

Tokluk obasynyñ metjidi, 1894-1895-nji ýyllar aralygynda Hajy Maksud Murtaza atly bir haýyr-sahawatçy tarapyndan abatlandy.

10 Eylül 2021 18:41

Köne çyzuwlardan we taryhy suratlardan metjidiň asyl nusgasynyň demirgazyk-günbatar burçunda bir balkonly daş minara bolandygy görülýär. Gündogar tarapynda bolsa minara goşmaça bölümler gurlupdyr.

Tokluk obasynyñ metjidi, Sowýet Soýuzy döwründe 1923-nji ýylda ulanylman başlandy 1935-nji ýylda bolsa resmi ýagdaýda ýapyldy.

Krym tatarlaryñ watanlaryndan sürgin edilenden soñ metjid köp ýyllap oba kluby hökmünde ulanylypdyr. 1980-nji ýylda obada sungat öýüniñ gurulmagy bilen metjidiñ binasy ýapylypdyr.

Krym tatarlaryñ watanlaryna gaýdyp gelmäge başlan 1980-nji ýyllaryñ soñlarynda bolsa metjidiñ diñe diwarlary ýykylman galypdyr.

Ozalky metjidiñ çyzuwyna laýyklykda kesilen daşdan dörtburç görnüşde ýañadan gurlan Tokluk obasynyñ metjidi 2013-nji ýylda ybadata açyldy.

Habarlar