krymdaky-turk-yslam-taryhyny-yzlary-uskut-obasyndaky-juma-metjidi

Krymdaky Türk-Yslam taryhynyñ yzlary: Üsküt Obasyndaky Juma Metjidi

Üsküt obasynyñ Orta Mähellesinde orun alýan Juma metjidi XVII asyrda guruldy.

07 Ağustos 2021 10:11

1900-nji ýyllaryñ başlarynda Türkiýeden gelen ussalar metjidi ýañadan gurdylar we metjidi gündogar-günorta tarapdan 10-12 metr giñeltdiler. 1905-nji ýylda metjide 25 metr boýunda goşmaça bir minara guruldy. Bu görki bilen üç gatly bolan Üsküt Juma metjidi Krymdaky oba metjitleriniñ arasynda iñ uly metjide öwrüldi.

Sowýet Soýuzy döwründe 1928-nji ýylda metjidiñ minarasy ýykyldy we metjidiñ ymamy sürgün edildi. 1933-nji ýylda Juma metjidi resmi ýgdaýda ýapyldy. Metjidiñ 1-nji gaty oba klubyna galan gatlary bolsa kiçi otaglara bölünip Komsomol we Komunist partiýanyñ dolandyryş bölümlerine öwrüldi.

1941-1944-nji ýyllar aralygynda Krymyñ Nemesleriñ gabawy astynda galan döwründe metjid  ýañadan açyldy emma Sowýet Soýuzyñ Krymy yzyna almagy we 1944-nji ýylyñ 18-nji maýynda Krym tatarlary adadan  sürgün etmegi bilen metjid ýapyldy we tapawutly işler üçin ulanyldy. 1980-nji ýyllaryñ soñlarynda Krym tatarlaryñ watanlaryna gaýdyp gelmäge başlamagy bilen Juma Metjidi ýañadan Krym musulmanlary tarapyndan yzyna alyndy we abatlaýyş işi geçirilip ybadata açyldy.

Habarlar