krymy-bikanun-anneksi-asy-7-yl-ozal-26-njy-fewral-wakalary-bilen-baslady

Krymyň bikanun anneksiýasy 7 ýyl ozal “26-njy fewral wakalary” bilen başlady

Russiýa tarapyndan Ukrainanyň çäginde we özygtyýarlylygynda ýerleşýän Krym Awtonom Respublikasynyň bikanun anneksirlenmegi 7 ýyl ozal "26-njy fewral wakalary" bilen başlady.

26 Şubat 2021 16:59

2013-nji ýylyň ahyrynda, prezident Wiktor Ýanukowiçiñ Ýewropa Bileleşigi bilen Şäriklik şertnamasyny gol çekmegi yza süýşürmegi bilen  Kiýewde başlan protest  ýörişler bilen halk Ukraina we Russiýa tarapdary hökmünde ikä bölündi.

Krymda Russiýa tarapdarlarynyñ güýçlenmegine şol döwrüñ Krym Mejlisiniñ başlygy Wladimir Konstantinowyñ 2014-nji ýylyñ 20-nji fewralynda Moskwa şäherine guran sapary itergi berdi. Resmi saparda mejlisiñ başlygy Konstantinow prezident Ýanukowiçiñ wezipesinden çetleşdirilen ýagdaýynda Krymyñ Ukrainadan aýrylmagy pikrini öñe sürdi. Ukrainada protestleriñ güýçlenmegi bilen prezident Wiktor Ýanukowiç 22-nji fewralda ýurtdan gaçdy.

Ýewropa tarapdarlaryñ wagtlaýyn ýurduñ dolanyşygyna geçmegi rus tarapdarlarynyñ Krymda hasam güýçlenmelerine sebäp boldy.

2014-nji ýylyň 25-nji fewralynda rus tarapdarlary Krymyñ Russiýa baglanmagy üçin parlamente basyş etmäge başladylar. 400-e golaý Rus tarapdary Krym mejlisini basyp Krymyň garaşsyzlygyny yglan etmegi üçin  mejlisden referendum karary kabul etmegini talap etdi.

Parlamentyñ başlygy Konstantinowyñ 26-njy fewralda mejlisiñ baş assambleýasynda referendum karary ara alynjakdygyny malim etmegi bilen Krymyñ Russiýa goşulmagyny isleýän Rus Bileleşigi Partiýasy  mejlis binasynyñ öñünde miting karary kabul etdi.

2014-nji ýylyň 26-njy fewralynda Krym Mejlisiniň öňünde Krym Tatar Milli Mejlisi we Russiýa Bileleşigi partiýasy miting gurnadylar. Ýöne şol gijeden başlap, eşiklerinde hiç hili harby nyşana bolmaýan  Russiýa tarapdary ýaragly güýçler Krymyň mejlisini we hökümet binalaryny basyp aldy.

6-njy martda Russiýa tarapdary bolan ýaragly "ýaşyl adamlaryň" kölegesinde ýygnanan Krym Awtonom Respublikasynyň Mejlisi, Krymyň Russiýa goşulmagy üçin referendum geçirmek kararynyñ kabul edilendigini mälim etdi

Krym Tatar Milli Mejlisi kanuny däldigi sebäpli referendumy weto etdi.

16-njy martda ýaşyl adamlaryň gözegçiligi astynda geçirilen referendumda Krymy Russiýa goşmak karary çykdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2014-nji ýylyň 21-nji martda Kreml köşgünde geçirilen dabarada  "Krym bilen Sewastopolyň Russiýa goşulmagy we täze federal sebitleriň döredilmegi baradaky" kanuna gol çekip, ýarym adanyň bikanun anneksiýa edilme prosesini tamamlady.

Habarlar