krymy-i-meshur-milli-datlylaryndan-krym-pahlawa

Krymyň iň meşhur milli datlylaryndan: Krym pahlawa

Krym Pahlawa datlysyny bir gezek iýip görenler hökman öýlerinde bu datlyny edip başlaýarlar.

18 Eylül 2021 20:42

Krymyň iň meşhur milli datlylaryndan biri Krym tatar pahlawadyr. Ozallar “ pahlawa”  datlysy baýramyñ bir gün önünden taýarlanýardy we baýram günleri gelen myhmanlara hödür kerem edilýärdi. Krym tatarlaryñ watanlaryndan sürgün edilen ýyllarynda Krym tatar aşhanasy hem üýtgeşmelere sezewar boldy. Käbir naharlar ýatdan çykaryldy käbir tagamlar bolsa sürgün edilen ýerlerde ýetişýän miwe gök-önümler bilen hasam baýlaşdyryldy.

Krym pahlawa asyl görnüşini, taýarlanyş usulyny üýtgetmän zamanamyza gelip ýeten seýrek datlylardan biri. Bu aýratynlygy ony krym tatarlaryñ we Kryma gezmäge gelen myhmanlaryñ gözünde hasam gymmatly edýär.

Zamanamyzda “pahlawa” diñe baýramda taýarlanýan datly däl eýsem gündelik durmuşda her ýerde añsatlyk bilen satyn alynýan datla öwrüldi.

Krym pahlawasyny taýarlamak üçin;

Un- 500 gram

Süt- 250 millilitr

Smetana- 50 gram

Mesge- 70 gram

Soda-  1 çaý çemçe

Duz - 1 çümmük

Günebakar ýagy- 0,5 litr

Şeker- 250 gram ( Şerbet üçin)

Suw- 200 millilitr ( Şerbet üçin)

Bal- 2 uly çemçe

Hoz- 50 gram

Bir gabyñ içinde un we sodany garyşdyryñ. Başga bir gabyñ içinde bolsa maýyl süt, smetana, mesge we duzy garyşdyryñ bir çemçe bilen yzygiderli garyşdyryp, uny ýuwaş-ýuwaşdan goşuň.  Taýar bolan hamyryñ üstüni örtip 20 minut basyryp goýuñ.

Hamyry 4 bölege bölip her bölegi oklawa bilen  togalak ýaýyñ  we 5-7 minut  hamyryñ guramagy üçin goýuñ. Soňra ony tekiz rulona öwrüň. Rulony  iki bölege bölüñ soñ bolsa şol bölekleri  dörtburç kesiñ. Dörttburç kesilen hamyrlaryñ her biriniñ yokarsyna barmagyñyz bilen orta nokada geler ýaly basyp yelmeşdiriñ.

Günebakar ýagy bir gazanyñ içinde gyzzyryñ we hamyrlary altyn reñke öwrülýänçä bişiriñ.

Şerbet üçin bir gazanyñ içine suw we şekeri goşup şekerler gowy eräninden soñ 5 minut gaýnadyñ. Şerbeti oduñ üstünden alyp içine bal goşuñ. Pahlawanyñ her iki tarapyny gyzgyn şerbetiñ içine batyryp tarelka goýun we üstüne hoz serpiñ. Öýde hoz bolmasa pahlawanyñ üstüne künji hem serpip bilersiñiz.

Habarlar