krymy-uregi-bahcesara

Krymyñ ýüregi: Bahçesaraý

Bahçesaraý şäheri, Krym Awtonom Respublikasynyñ edil merkezinde orun alýar.

01 Ekim 2021 21:48

Takmynan 30,000 ilaty bolan Bahçesaraý, Krym daglarynyň demirgazyk we orta gerişleriniň arasynda Çürüksu derýasynyň goýnunda ýerleşýär.

Bahçesaraý, XVI asyra çenli tokaýlar bilen gurşalan derýalaryñ, akarsuwlaryñ bolan ýap-ýaşyl bir sebitdi.

Altyn Orda döwletiniñ döwlet dolandyryjylary we Krym Hanlygyñ hökümdarlary bu sebite tomus paslyny geçirmek, aw awlamak we dynç almak üçin gelerdi.

I Mengli Giraý han, Çürüksu derýasynyñ kenaryna 1503-nji ýylda zamanamyzda  “ Han köşgi” diýip bilinýän köşgi gurduryp Bahçesaraýyñ düýbüni tutdy.

Rus imperiýasynyñ Krymy 1783-nji ýylda basyp alan döwründe Bahçesaraýda 31 sany metjid, 2 sany ybadathana ( biri Grek, beýlekisi Ermeni), 2 sany sinagog, 2 sany hammam, 16 sany myhmanhana we 1561 sany ýaşaýyş jaýy; 1854-nji ýylda bolsa 9 sany uly metjid we 28 sany metjid bardy.

Halypa Ysmaýyl Gaspyraly 1883-nji ýylda bu şäherde “Terjimeçi” gazetini neşir etmäge başlady we bu ýerde ilkinji “ Usul-i jedid” mekdebini açdy.

Ysmaýyl Gaspyraly dünýeden ötýänçä Bahçesaraý şäheri Rus musulmanlaryñ bilim ojagyna öwrüldi we olaryñ oýanyş hereketinde uly orun eýeledi.

Rus imperiýasy ýykylandan soñ gurlan Krym Tatar Respublikasynyñ hem dolandyryş merkezi Bahçerasaý boldy we Krym Türk Gurultaýy “Han” köşgünde geçirildi.

Bahçesaraý hem şol döwürde hem-de Sowýet Soýuzy döwründe Krym türkleriñ ilkinji milli medeniýet we sungat çäreleriniñ gurnalan şäheri boldy.

Bahçesaraý şäherinde çeperçilik sungaty, mis we deri işçiligi ösdi.

Krymdaky Türk-Yslam eserleri Rus imperiýasy we Sowýet soýuzy döwürlerinde uly zeper gördi. Bu weýrançylykdan aman galan eserleriň aglabasy Bahçesaraýda orun alýar.

1950-nji ýyldan bäri “Gündogar Muzeýi” ady bilen muzeý hökmünde ulanylan köşgiñ howlusynda Krym hanlaryñ kümmetleri orun alýar.

I Mengli Giraý han şäheriñ günorta tarapynda Salajyk sebitinde 1500-nji ýylda Zynjyrly medresäni we 1501-nji ýylda bolsa kakasy Hajy Giraý hanyñ kümmetini gurdurdy.

Anadolydaky medreseler ýaly bir gatly bolan Zinjirli Medrese, Krym türkleriñ iñ esasy bilim ojaklaryndan biri bolupdyr.

Habarlar