ma-a-kuly-ewa-adyndaky-turkmen-milli-konserwatori-asy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

03 Haziran 2022 14:21

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän baýry ýokary hünär okuw mekdepleriniň biri bolmak bilen, bu okuw mekdebi aýdym-saz ugrunyň hünärleri boýunça ýokary hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Konserwatoriýa ýurduň medeniýet, sungat edaralaryny, bilim-terbiýeçilik ojaklaryny, döredijilik birleşmelerini saz gurallarynyň dürli görnüşlerinde kämil ýerine ýetirijiler, aýdym-saz sungatyny öwrenijiler, mugallym-hünärmenler bilen üpjün edýän okuw mekdebidir.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 1972-nji ýylda esaslandyrylýar, 1993-nji ýylda Milli konserwatoriýa bolýar, 2019-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebine Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylýar.

Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim döwri 5 ýyl dowam edýär we uçurymlar ABŞ-nyň bakalawr derejesine deň bolan ýokary bilim diplomyny alýarlar.
Konserwatoriýanyñ eýe bolan pelsepesi; milli däp-dessurlary, halk aýdym-sazlaryny we saz gurallaryny gorap saklamak we ösdürmek.
 

Habarlar