malazgirt-sowesi-bolup-gecen-erini-anyklamak-ucin-dowam-ed-n-gozleg-agtarys-i

Malazgirt söweşiñ bolup geçen ýerini anyklamak üçin dowam edýän gözleg-agtaryş işlerinde köp sanda ok we naýzalaryñ bolan söweş gurallary gün ýüzüne çykaryldy

Anadolynyñ gapylaryny türklere açan Malazgirt söweşiniň bolan ýerini kesgitlemek üçin dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde köp sanda söweş gurallary gün ýüzüne çykaryldy.

11 Ağustos 2021 16:12

Medeniýet we Syýahatçylyk ministirliginiñ medeni gymmatlyklar we muzeýler baş müdürliginden alynan rugsat bilen Ahlat Muzeý Müdürliginiñ ýolbaşçylygynda, Muş Alparslan we Mugla Sytky Koçman uniwersitetiñ bilelikdäki hyzmatdaşlygy bilen geçen ýyl başladylan “Malazgirt Söweş meýdanyny anyklama, taryhy we Arheologik gazuw- barlag” adyndaky taslama dowam edýär.

Arheologik gazuw-agtaryş işlerine 10 ýokary okuw jaýyndan 35 sany bilim adamy gatnaşýar we söweşiñ baş beren meýdany anyklamak üçin 3 nokatda gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Bu çäkde Gülkoru obasy we Malazgirt arasyndaky 12 kilometrlik meýdanda dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde Malazgirt söweşinde ulanylan ok-naýzalaryñ bolan köp sanda söweş gurallary gün ýüzüne çykaryldy.

Mugla Sytky Koçman Uniwersitetiñ taryh bölümüniñ mugallymy Prof. Dr Adnan Çewik beren interwýusynda şu ýyl taslamanyñ 2-nji tapgyryny başladylandygyny habar berip tapawutly sebitlerde gazuw-agtaryş işleriniñ dowam edýändigini aýtdy.

 Esasanam söweş meýdany diýilýän Malazgirt we Süphan dagynyñ arasyndaky 150 inedördül kilometrlik meýdanda kesgitlenen nokatlarda gazuw-agtaryş işlerini ýöredýändiklerini nygtan Çewik: “ bu taslama Malazgirt söweşiniñ anyk nirede baş berendigini, wagtyny we mekanyny ýüze çykarmak bilen bir hatarda ýurdumyzda täze bir ugur bolan uruş arheologiýasy usulyýetini kesgitlemegi maksat edinýär. Şu ýyl söweşiñ baş beren sebitlerde ok, naýza, gylyç ýaly gün ýüzüne çykarylan söweş gurallarynyñ üstünde işläp söweşi  resminamalaşdyrmak üçin işler alyp barýarys "-diýdi.

Prof. Dr Adnan Çewik: “Bu taslama 1550 inedördül kilometrlik meýdanda ýöredilýär. Söweşiñ Gülkoru obasy bilen Malazgirt arasyndaky 12 kilometrlik meýdanda baş berendigini çaklaýarys”-diýdi.

Seljuklylar döwletiniñ hökümdary Alparaslanyñ ýolbaşçylygyndaky 50 müñ esgerden ybarat bolan türk goşuny, Imperator IV Roman Diogeniň ýolbaşçylygyndaky 200 müñ esgerden ybarat bolan Wizantiýa goşuny 1071-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Türkiýäniñ Muş welaýatynyñ Malazgirt düzlüginde söweşýär. Soltan Alparslanyn ýeñişi bilen tamamlanan Malazgirt söweşi, Anadolynyñ gapylaryny türklere açdy

Habarlar