manas-dessanyny-di-ary-gyrgyzystan

Manas dessanynyň diýary Gyrgyzystan

Merkezi Aziýanyñ gadymy topraklaryna ýer eýeçiligi edýän Gyrgyzystan taryhy we özboluşly tebigy gözelligi bilen sebitiñ esasy merkezi bolmaga dowam edýär.

16 Nisan 2021 22:59

Gyrgyzystan ummasyz sähralary, asmana göterilýän depeleri, aýlawly daglary, kölleri, jülgeleri, Týan-şan daglary we adam eli degmedik tebigaty bilen köp sanda mümkünçilikler hödürleýär. Ýurduñ şäherleri göwünlerimize dünýämize nuranalyk, päkizelik çaýýan gözel tebigaty, ýaşyl baglary, arassa ekologiýasy bilen dünýäde asuda dynç alyşyň salgysy hökmünde görkezilýär.

Gyrgyzystandaky taryhy eserler adamlary zaman ýolagçylygyna çykarýar. Türk mifologiýasy we Manas eposyñ dörän Týan-şan daglarynyñ eññidinde orun alýan ýurtda, beýikligi 4000 metrden uly bolan 19 sany dag we uzynlygy 50 kilometrden uzyn bolan 22 sany jülge orun alýar.

Ýurduñ tebigaty özboluşly gözelligi bilen haýran edýär. Beýik daglar we olaryñ arasyndaky jülgelerden ybarat bolan ýurduñ topraklarynyñ 65 göterinini Týan-şan daglary gurşaýar. Bu sebäpdenem Gyrgyzystana “Merkezi Aziýanyň Şweýsariýasy" diýilýär.

1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýär. Döwletiň tutýan meýdany 199 951 inedördül kilometr bolup, ilaty 6,5 milliona golaýdyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.

Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna kabul edildi. 1992-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, UNESCO, 1996-njy ýylda bolsa Şahhaý hyzmadaşlyk guramasynyñ agzasy boldy. Gyrgyzystan şeyle-de Türki dilli döwletleriñ hyzmatdaşlyk geñeşi (Türk Geñeşi) we türki dilli halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yñ agzasydyr.

UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda “Manas" dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy (2000) ýyllygy bellendi. Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Daglar ýyly” diýlip yglan edildi.

Gyrgyzystan, taryhy, sungaty we tebigatda gezelenç etmegi halaýanlar üçin hökman görülmeli ýerleriň başynda orun alýar.

Habarlar