mawera-atly-serial-gazagystanda-a-lyma-berilm-ge-baslan-ar

“ Mawera” atly serial, Gazagystanda ýaýlyma berilmäge başlanýar

TRT-niñ Hoja Ahmet Ýasawynyñ durmuşuny gürrüñ berýän “ Mawera” atly serialy şugünden başlap Gazagystanyñ döwlet teleýaýlymynda ýaýlyma berilmäge başlanýar.

19 Nisan 2021 14:33

Türkiýe radio-telewideniýe guramasy TRT-niñ uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän  we Remezan aýynda her gün ýaýlyma beriljek “ Mawera” atly serial Gazagystanyñ döwlet teleýaýlymy “ Qazagstan TV”-de ýaýlyma berilmäge başlanýar.

Mawera sözüniñ manysy “ dünýäniñ görünmeýän taraplary” manysyny añladýar.

Remezan aýynda hepdäniñ iş günleri Türkiýe sagady bilen 23:45-de TRT1 teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “ Mawera” serialynda Hoja Ahmet Ýasawynyñ we onuñ ýaranlarynyñ durmuşy gürrüñ berilýär.

Režisory Dogan Ümit Karajanyñ bolan serialda Korel Jezaýirli, Görkem Sewindik, Tansel Öngel we Sinan Tuzjy ýaly ussat aktorlar oýnaýarlar.

Habarlar